“Parahatçylyk: çagalaryň sesi” atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry

“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 4-11-nji synplarynda okaýan okuwçylarynyň arasynda “Parahatçylyk: çagalaryň sesi” ady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda geçirildi. Bu döredijilik bäsleşigiň esasy maksady Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda hem-de milli gymmatlyklarymyzyň esasynda terbiýelemekden, ýurdumyzyň ýaşlarynyň tebigy zehinlerini ýüze çykarmakdan we olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmekden, ýaşlaryň arasynda parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk medeniýetini giňden wagyz etmekden, çagalaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlaryny aýan etmekden ybaratdyr.

Döredijilik bäsleşigine gatnaşýan okuwçylaryň hödürlän işlerinde Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ösüşi, parahatsöýüjilik ýörelgeleri, döwletimizde durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler we ýetilen sepgitler, mukaddes Garaşsyzlygymyz (maket görnüşi), “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy, bagtyýarlyk döwrümiziň çeper keşbi wasp edildi. Netije-de ähli tapgyrlardan üstünlikli geçip, ýeňiş gazanan mekdep okuwçylary bäsleşigi guraýjylar tarapyndan hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.

Döwletgeldi NURYÝEW,

Birleşen Arap emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Zaid bin Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgüniň XI synp okuwçysy.

Meňzeş habarlar