Belentden belent sepgitleri nazarlaýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň kämilleşmegi, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesil bolup ýetişmekleri üçin giň möçberli işler durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň netijesinde giň dünýägaraýyşly, sagdyn, ruhubelent, döredijilikli, zähmete ukyply ýaşlar kemala gelýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdepleriniň 9-11-nji synp okuwçylarynyň arasynda iňlis dili boýunça yglan edilen «Dil baýlygy – il baýlygy» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynda geçirildi. Bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda okuwçylar «Ak şäherimiz – Aşgabat» diýen tema boýunça öz taýynlan wideoroliklerini görkezdiler we iňlis dilinde wideoroligiň mazmunyny beýan etdiler. Bäsleşigiň ikinji şertine gatnaşan okuwçylar kesgitlenen wagt içinde bije çekmek arkaly taýýarlanan temalar boýunça gysgaça esse ýazdylar. Bäsleşigiň kesgitleýji şerti bolan üçünji şertinde eminler topary tarapyndan taýýarlanan ýumuşlara jogap berdiler. Çekeleşikli we gyzgalaňly geçen bu bäsleşikde Aşgabat şäherindäki 21-nji ýöriteleşdirilen terbiýeçilik okuw mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gunça Atamämmedowa baş baýraga mynasyp boldy. Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 72-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Aýtäç Hajyýewa birinji orna, Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Gülnar Ataýewa ikinji orna, bäsleşigiň baýrakly üçünji ornuna bolsa Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 97-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Hatyja Nuryýewa mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.
Merjen NURMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň esasy hünärmeni.