Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Biz ýaş alymlarymyzyň we talyplarymyzyň halkara ylym-bilim bäsleşiklerinde gazanýan üstünliklerine guwanýarys. Bu ugurda ylmy barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň alyp barýan işlerine aýratyn buýsanýarys.
Zehin bilen zähmetiň utgaşygy, sazlaşygy, zehiniň diňe başlamak üçin, dowam etmäge bolsa irginsiz gözlegleriň gerekdigi hakda kän gürrüň edilýär. Munuň ylym babatda has aýdyň ýüze çykýandygyny tymsala çalymdaş şu gürrüňem äşgär edýär: Nädip beýik açyşlary edendigi soralanda, Nýuton: «Hemişe şolaryň pikirini etdim!» diýip jogap berer eken. Dilde aňsat, irmän-arman dowam etmek. Pikirleriň gapma-garşylygy, golaý geleni görnüp duran, ýöne heniz ýetdirmeýän, ýene-de irginsiz yhlasy talap edýän pellehana... Şeýde-şeýde okamak hem-de pikirlenmek bilen garşylyklarda taplanyp, ilkinji anyk netijä – täze pikire gelýärsiň, ylym dünýäsine baka bir ädim ädýärsiň. Şol ilkinji ädimleri höweslendirmek, ýaşlary ylma çekmek, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmek ýaşlar hakyndaky döwlet syýasatymyzyň möhüm wezipeleriniň hatarynda durýar. Şeýle möhüm wezipeleri oňyn çözmekde her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşige aýratyn orun degişli. Bu ýyl hem geçen ýylkylar ýaly, bäsleşige ýüzlerçe iş hödürlendi. Degişli edaralaryň – ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň Alymlar geňeşi tarapyndan olaryň iň oňatlary saýlanyp, bäsleşigi guraýjylaryň bilelikdäki mejlisiniň garamagyna geçirildi. Bäsleşigiň bu tapgyrynda ylma höwesli ýaşlar ýurdumyzyň tanymal alymlaryndan düzülen ýörite seljeriş toparynyň öňünde öz işleri bilen çykyş edýärler. Bu tapgyr ýazyň şu ajaýyp günlerinde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda geçirilmek bilen, häzir gyzgalaňly dowam edýär. Bu ýerde myhmançylykda bolup, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýazpolat KERIÝEW bilen bäsleşigiň geçiş aýratynlygy, ýaşlaryň taýýarlygy, ýaşlar syýasaty boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alyşdyk.
– Ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşik her ýyl zehinli ýaşlaryň ençemesini ýüze çykarýar. Bu bellenmeli hem-de buýsanmaly ýagdaý. Ilkinji nobatda, ünsi çekmeli zat: bu babatda bäsleşigiň guramaçylary tarapyndan nähili tagallalar edilýär?
– Hormatly Prezidentimiziň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakyndaky» hem-de şol ýylyň 13-nji noýabrynda çykaran Kararlaryna laýyklykda, geçirilýän bu bäsleşigiň esasy maksady ýaş alymlaryň täze ylmy, inženerçilik pikirlerini, senagat-innowasiýa, maglumat-tehnologiki işläp taýýarlamalarynyň milli ykdysadyýetimize giňden ornaşdyrylmagyny üpjün etmek, ylymda halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak bolup durýar.
Şulary göz öňünde tutup, ylmy işleri bäsleşige hödürlemegiň, resmileşdirmegiň, olary seljermegiň hem-de bäsleşigiň netijelerini jemlemegiň tertibini we beýleki möhüm guramaçylyk meselelerini ýörite Düzgünnama bilen berkidýäris. Sebäbi islendik işde oňyn netije gazanmak üçin, ony takyk guramaly. Düzgünnama metbugatda çap edilen gününden başlap, ýaşy 30-a çenli bolan raýatlar özbaşdak ýerine ýetiren işlerini bäsleşige hödürläp bilýärler.
Bäsleşik 12-nji iýunda – Ylymlar gününde jemlenip, 3 tapgyrda geçirilýär. Häzirki dowam edýän tapgyryň wezipesi ylmy işleri düýpli seljermek, işiň mazmunyna, amaly taýdan peýdalanmak mümkinçiligine baha bermek bolup durýar.
– Tehnologik zerurlyklar bilen baglylykda bäsleşige gatnaşýan ýaşlara nähili mümkinçilikler döredilýär?
– Dogrudanam, nanotehnologiýalar, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa ýaly ugurlarda ylmy işi ýerine ýetirmek bilen baglylykda barlaghana enjamlarynyň zerurlygy bolup bilýär. Şeýle ýagdaýda bäsleşige gatnaşyjy ýaşlar Ylymlar akademiýasynyň garamagyndaky Tehnologiýalar merkeziniň, ylmy-barlag institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň barlaghanalaryndan peýdalanyp bilýärler.
Geçirilmegi zerur tejribäni bäsleşige gatnaşyjy ylmy ýolbaşçysynyň ýa-da halypa alymlaryň gözegçiliginde alyp barýar. Bu bolsa oňa ylmy, usuly goldaw almaga, öňde goýýan wezipesini şowly çözmäge ýardam berýär. Şu ýerde milli Liderimiziň aýratyn üns bermegi hem-de tagallalary netijesinde ýurdumyzyň ylmy-tehniki binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylýandygyny, ylmyň islendik ugry boýunça zerur barlaglary geçirmek üçin döwrebap, kämil barlaghana enjamlarynyň bardygyny aýratyn bellemelidiris.
– Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 8-nji ýanwarynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Bu Döwlet maksatnamasynda, ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda ylym we ýaşlar meselesine möhüm orun berilýär.
– Ussat Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde: «Eýesi gündiz bolsa, ylym bolar Gün, // Açyk eýlär görmäge batyl gözün» diýen parasatly setirler bar. Ýerlikli, çuň manyly bu deňeşdirme ylmyň näderejedäki zerurlykdygyny aýdyň görkezýär. Çünki ýaşaýyş-durmuş, medeni ösüş üçin ylym möhüm şert bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiz döwletimiziň uzak geljegi nazarlaýan ösüşlerini ylym, ylmy-innowasion binýat bilen berk baglanyşdyrýar. Bu babatda ýurduň geljegi bolan ýaşlara aýratyn ynam bildirýär. Çünki ýaşlykdan başlanan kämillige ymtylyşy goldamak bilen, has uly netijeleri gazanmak, beýik sepgitlere ýetmek mümkin.
Ýylyň başynda kabul edilen Döwlet maksatnamasynda we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda, hut şu jähetden, ylym we ýaşlar meselesine aýratyn ähmiýet berilýär. Hususan-da, ylmyň, bilimiň dürli ugurlary boýunça ýaşlara internet ulgamynyň elýeterli bolmagyny üpjün etmek, ylmyň hem-de tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy işgärleri taýýarlamak işini işjeňleşdirmek, kämilleşdirmek esasy maksatlaryň hatarynda goýuldy. Şeýle hem zehinli okuwçylary, talyplary ýüze çykarmak, olaryň ylmy-tehniki döredijilik, gözleg-barlag we tejribe-synag işlerine ýardam etmek, ylym, bilim, ýokary sanly tehnologiýalar ulgamyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ýaş alymlaryň gazanan netijelerini wagyz etmek, ýaşlaryň halkara ylmy hyzmatdaşlygyny ösdürmek ugrundaky işler möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlendi.
Ýaşlar guramamyz öňde goýlan maksatlary we wezipeleri amala aşyrmak boýunça Bilim ministrligi, Ylymlar akademiýasy, ýokary okuw mekdepleri we beýleki ylmy edaralar bilen bilelikde iş alyp barýar. Bu bäsleşigi hem şolaryň biri diýip aýdyp bileris.
– Ýazpolat, size Mejlisiň deputaty hökmünde ýüzlensek, ýaşlar bilen bagly beýleki kanunçylyk namalarynda bu meselä nähili çemeleşilýär?
– Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda milli Liderimiz: «Ýaşlarymyzyň tehnologik ösüşden yza galmazlygy üçin, olara döwrebap hünärleri ele almaga, nazary bilimleri kämilleşdirmäge, amaly endiklerini ýokarlandyrmaga, sanly tehnologiýalary özleşdirmäge, täze ylmy taglymatlary, öňdebaryjy barlaglary we tehnologik tejribeleri öwrenmäge ýardam bermek biziň esasy wezipelerimiziň biridir» diýip, örän jaýdar belledi. Şundan ugur alyp, biz hem Mejlisde ýaşlar bilen bagly kanunçylyk namalaryny taýýarlanymyzda, ylma ukyply ýaş zehinleri ýüze çykarmak, olary ylmy açyşlara höweslendirmek, ýaş alymlary goldamak wezipelerine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýäris.
Degişli kanunçylyk namalary esasynda Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen Ýaş alymlar merkeziniň, ähli ylym we bilim edaralaryndaky Ýaş alymlar geňeşleriniň, «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalynyň alyp barýan işleri bu babatdaky oňyn görkezijilerimizdir.
– Islendik iş hili hem wajyplygy bilen kesgitlenýär. Bäsleşik hakyndaky gürrüňe dolansak, bu ýylky gatnaşyjylaryň taýýarlyk derejesi, işleriň amaly taýdan peýdalanmak mümkinçiligi nähili?
– Bäsleşige gatnaşyjylarymyz bu ýyl hem geçen ýyldakylar ýaly, gowy taýýarlykly gelipdirler. Olaryň aglabasy alymlarymyzdan düzülen seljeriş toparynyň öňünde işlerini goranlarynda özlerini erkin, parahat, ynamly alyp barýarlar. Işleriniň ylmy ähmiýetini, maksadyny, wezipelerini gysgadan anyk beýan edýärler. Muňa üns bermegimiziň sebäbi ylymda özüňe, pikirleriňe ynamlylyk, erklilik, tutanýerlilik zerur. Netijä, anyk pikire gelmek munuň bilen berk bagly.
Işleri amaly taýdan peýdalanmak mümkinçiligi barada aýdanymyzda, bir zady nygtasym gelýär: häzirki wagta çenli ýaş alymlarymyzyň hem oýlap tapyjylarymyzyň şowly işleriniň köpüsi durmuşa geçirildi, önümçilige ornaşdyryldy, bu işler häzir hem dowam etdirilýär. Bu bäsleşikde hem geljekde amaly taýdan peýdalanmak mümkinçiligi ýokary işler köp.
– Ýazpolat, ýurdumyzyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilýän bäsleşigiň aýratynlyklary, ylym babatda ýaş zehinlerimize döredilýän şertler, Ýaşlar guramasynyň, ylmy edaralaryň bu babatda alyp barýan işleri, degişli kanunçylyk namalarynyň işlenip taýýarlanylyşy barada pikir alyşdyk.
Ilkinji ylmy gözlegleri bilen ylym dünýäsiniň çuňluklaryna aralaşmaga ymtylýan ýaşlarymyza hem-de ýaş zehinleri ýüze çykarmakda alyp barýan işleriňizde size üstünlikleri arzuw edýäris. Çünki, döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, bilim we zehin, döredijilik gözlegi we çeperçilik meýli ýaly hormata mynasyp bolan gymmatlyklar ösmelidir we halkymyza öz netijelerini bermelidir, milletiň ruhy kuwwatyny ýokarlandyryp, durmuş we ykdysady ösüş üçin täze gorlary döretmelidir.