«Döwlet dolandyryşy» boýunça okuw öz işine başlady

Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy ýurdumyzda ökde döwlet gullukçylaryny taýýarlamakda uly işleri durmuşa geçirýär. Mähriban Arkadagymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan oňyn we oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyndan ugur alyp, akademiýanyň professor-mugallymlary irginsiz zähmet çekýärler.

Ýakynda Ýewropa Komissiýasynyň «Türkmenistanda döwlet dolandyryşynda adam maýasyny pugtalandyrmaga ýardam» atly taslamasynyň çäklerinde «Döwlet dolandyryş» MPA (Master of Public Administration)  ugry boýunça taýýarlanylan magistr okuw maksatnamasynyň ilkinji leksiýasy geçirildi. 72 sagatlyk gysga möhletli synag okuwlary 2021-nji ýylyň aprel-maý aýlarynda geçirmegi meýilleşdirildi.

Okuwlar 2021-nji ýylyň 5-nji aprelinden 15-nji maýyna çenli her hepdäniň duşenbe, anna, şenbe günleri akademiýada, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, günleri bolsa ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň öz binasynda onlaýn görnüşinde halkara we ýerli bilermenleriň gatnaşmagynda sagat 16:30 – 18:00 aralygynda geçiriler.

Meňzeş habarlar