27-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Durnukly ösüş maksatlary: okatmagyň usulyýeti we innowasiýalar esasynda ýokary hilli bilimi we adam maýasyny ösdürmek» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlandy.
Maslahata ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowa, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon, ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Florensiýa şäherindäki (Italiýa) şahamçasynyň direktory Fabrisio Rikkýardelli, Westminster uniwersitetiniň ylmy işler boýunça prorektory Endrýu Lin, Türkmenistanyň DIM-niň halkara ykdysady hyzmatdaşlyk bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atageldi Haljanow, ÝUNESKO-nyň bilimde Maglumat tehnologiýalary institutynyň direktory Tao Çžan, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň italýan dili mugallymy Jowanna Farçi, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlar düzümi we talyplary gatnaşdylar.
Myhmanlar şol gün ýokary okuw mekdebiň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergide uniwersitetiň talyplarynyň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdylar. Talyplaryň dürli bäsleşiklerde we olimpiadalarda gazanan köpsanly mynasyp bolan diplomlary, medallary, güwänamalary milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ony dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijelidigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Sergi bilen tanyşlykdan soň, çärä gatnaşyjylar uniwersitetiň uly mejlisler zalyna çagyryldy, şol ýerde maslahat açyldy. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory Maral Kulyýewa foruma gatnaşyjylara gutlag we giriş sözi bilen ýüzlendi.
Soňra maslahata gatnaşyjylar giň mazmunly çykyş etdiler. Durnukly ösüş maksatlary ugrunda okatmagyň usulyýetleriniň we innowasiýalaryň ösüşiniň sanlylaşdyrmak hem-de her talyba aýratynlykda çemeleşmek bilen birlikde, häzirki zaman tehnologiýalaryny we täze çemeleşmeleri ulanmak arkaly bilim ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilendigi aýratyn nygtaldy. Innowasion esasda okatmagyň usullarynyň kämilleşdirilmegi, okatmagyň mazmunynyň we usullarynyň ýokarlandyrylmagy, şeýle hem aýratynlykda çemeleşmek tejribesiniň ornaşdyrylmagy esasy wezipeleriň hatarynda agzaldy.
Okatmakda innowasiýalaryň we täze tehnologiýalaryň ulanylmagynyň häzirki zaman biliminiň möhüm bölegi bolup durýandygy bellenildi. Okuwyň hilini ýokarlandyrmak we hemmetaraplaýyn bilim almaga şertleriň üpjün edilmegi üçin köp dürli usulyýetler hem-de programma üpjünçiligi zerurdyr. Bularyň ählisi adam mümkinçiliklerini ösdürmek üçin amatly şertleri döredýär. Milli maksatnamalar dogrusynda durlup geçilip, olaryň halkara ölçeglerine doly laýyk gelýändigi we tizleşdirilen depginde üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtaldy. Şonuň bilen birlikde, dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleri bilen bilim ulgamynda gol çekilen giň gerimli halkara ylalaşyklarynyň ýerine ýetirilmegi babatda ýokary netijeleriň gazanylýandygy bellenildi.
Maslahatyň dowamynda Westminster uniwersiteti Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine «Merkezi Aziýada iňlis dilini öwrenilişini çaltlandyrmak (AELLCA)» maksatnamasynyň çäklerinde ýörite şahadatnama gowşuryldy. Bu waka uniwersitetiň köpdilli diplomatiýanyň ösdürilmegine uly goşandynyň, türkmen ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurtlaryň uniwersitetleri bilen ylym-bilim gatnaşyklaryny giňeltmäge we işjeň halkara hyzmatdaşlygyna ygrarlydygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi döretmek hakynda beýan eden başlangyjynyň ýurtda dil syýasatynyň giňden durmuşa geçirilýändiginiň, medeni köpdürlüligiň hem-de halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň gurallarynyň biri hökmünde Türkmenistanyň köpdilliligi öňe ilerletmäge ymtylmalarynyň aýdyň tassyknamasy bolup durýandygy nygtaldy.
Türkmenistanyň we BMG-niň barha pugtalandyrylýan hyzmatdaşlygynyň esasynda dürli ugurlarda ähmiýetli taslamalar amala aşyrylýar. Türkmenistan dünýä derejesinde durnuklylygy, howpsuzlygy we abadançylykly ösüşi üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalara işjeň goşulýar, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagyna saldamly goşant goşýar. DÖM-niň möhümleriniň biri bolan ýokary hilli bilimi gazanmak Türkmenistanda ilkinji nobatdaky we ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Döwletimiziň daşary syýasy strategiýasy giň dünýä jemgyýetçiliginiň goldawuna eýe bolýar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy ösüşiň täze belentliklerine tarap ýokary galýar.
Uniwersitetiň «Owaz» aýdym-saz toparynyň hem-de «Dostluk» tans toparynyň ýerine ýetirmegindäki aýdym-sazly çykyşlar maslahatyň baýramçylyk öwüşginlerini artdyrdy.
turkmenistan.gov.tm












