Bilim – adamyň bütin ömrüni ýagtyldýan nurdur. Ýürekden öwredilen bilim uzak ýaşaýar. Ýürekden öwredýän mugallym bolsa ýaş nesliň düşünjesine, ahlagyna, durmuş ýörelgesine şekil berýän beýik şahsyýetdir. Şonuň üçin mugallym bolmak hünär saýlamak bilen bir hatarda ýüregiň wepalylygy, kämil ahlagy, akyl-paýhasyň çuňlugy bilen utgaşýan belent we jogapkärli ýol saýlamakdyr. Mugallymyň sözi, onuň göreldesi, öwredýän sapagy – ýaş nesliň ömür ýolunyň başlanýan nokadydyr. Şonuň üçin yhlas bilen öwredilen her bir söz, her bir gönükme, her bir mysal ýaş nesli durmuşa taýýarlaýar.
Mugallym – jemgyýetiň ösüşiniň iň möhüm diregi. Ol bilim berýär, terbiýe berýär, şol bir wagtda bolsa halkyň ahlagyny, medeni derejesini, dünýägaraýşyny kämilleşdirýär. Her bir okuwçy – mugallymyň zähmetiniň miwesidir. Şonuň üçin mugallymyň ýüreginden çykýan her bir sözi, görkezmesi, göreldesi milletimiziň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şol beýik häsiýetleriň ählisini öz şahsyýetinde birleşdiren mugallymlaryň biri Gahryman Arkadagymyzyň eziz pederi, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhammet Annaýewdir. Ol diňe bir öz döwrüniň bilim ulgamynda däl, eýsem, tutuş jemgyýetde ynsanperwerligiň, watançylygyň we yhlasly zähmetiň nusgasyny görkezdi. Onuň ömür ýoly ýaş mugallymlar üçin nusga we görelde bolup hyzmat edýär. Berdimuhammet Annaýew mugallymçylyk kärini diňe hünär hökmünde däl-de,Watanynyň, halkynyň, ýaş nesliň öňündäki mukaddes borç hökmünde kabul edipdir. Onuň her bir sapagy, her bir terbiýeçilik işi ýürekden gelip çykýar. Şonuň üçin-de onuň öwreden bilimi ýaşlaryň kalbynda baky ýaşaýar. Ýürekden berlen sapak – diňe bir okuw ýylynyň çäginde galmaýar, ol durmuşda-da ýol görkezýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mugallymlaryň öňünde goýulýan wezipeler hem şol ruhdan gözbaş alýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda ýaş mugallymlaryň işine uly üns berilýär, olaryň döredijilikli işlemegi, hünär derejesini ýokarlandyrmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Mugallymlar üçin döredilen şertler bolsa bilim ulgamynyň ösüşiniň kepili bolup, ýaş nesliň ruhy taýdan sagdyn we kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeginiň binýadydyr.
Röwşen BEGŞADOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen
döwlet uniwersitetiniň mugallymy.












