Baş maksat – çagalaryň röwşen geljegi

Türkmenistanyň ähli çagalaryny we maşgalalaryny her ýylyň 1-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Merkezi Aziýa sebitinde giňden bellenilýän möhüm baýramçylyk – Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!

1-nji iýun Çagalary goramagyň halkara güni hökmünde ilkinji gezek 1950-nji ýylda bellenilip, şondan bäri çagalary hormatlamaga we olaryň hukuklary ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär. Çagalaryň hukuklary 32 ýyl mundan ozal dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilen halkara ylalaşykda – BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasynda kesgitlenip, ol kimdigine hem-de nirede ýaşaýandygyna garamazdan, çagalaryň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bu möhüm resminamany Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda, 1994-nji ýylda tassyklady.

Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýa, gürrüňsiz, Ýer ýüzüniň ähli çagalarynyň bähbidine döredilen ÝUNISEF-iň işi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bellenilýän 2021-nji ýylda BMG-niň Çagalar gaznasynyň esaslandyrylmagyna hem 75 ýyl dolýar. Bu möhüm seneleriň bilelikde bellenilmegi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge ýardam berýär. ÝUNISEF-iň işi geçen taryhy döwrüň dowamynda Ýer ýüzüniň ähli çagalarynyň durmuşynda, şol sanda sanjymlary geçirmekde we iýmitlendirme ulgamynda mynasyp netijeleri gazanmaga şert döretdi. Häzirki adatdan daşary ýagdaýlar çagalaryň sagdynlygyny hem-de abadançylygyny üpjün etmegi esasy zerurlyk hökmünde öňe çykaryp, olaryň bähbidine alyp barýan işimizi has-da işjeňleşdirmegi talap edýär.

ÝUNISEF çaganyň hukuklary ulgamynda esasy gurama bolmak bilen, meýletin tagallalary birleşdirip, çagalardyr ýaşlaryň ösüşini we ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisine goldaw berýär. Şoňa görä-de, biz olaryň geljegi üçin Türkmenistanda alyp barýan işimizi dowam etdirmek hem-de hyzmatdaşlygy giňeltmek isleýäris. Biz köp ýyllardan bäri çagalaryň saglygyny goramak, irki ösüş we 12 ýyllyk orta bilime geçmek boýunça Türkmenistanda gazanylan üstünliklere kanagatlanma bildirýäris. Geçen ýyllaryň tejribesine salgylanyp, 2021-nji ýylda ÝUNISEF bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk has giňeldilen häsiýetde guralýar.

Üstümizdäki ýylda durmuşa geçirilip başlanan Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň täze bäşýyllyk maksatnamasyna laýyklykda, guramamyz saglygy goraýyş ulgamyna netijeli we ýokary hilli elýeterliligi üpjün etmek, iýmitlendirme hem-de çaganyň irki ösüşi; çagalary kemsitmeleriň ähli görnüşlerinden we durmuş-ykdysady mätäçlikden goramak; ýokary hilli inklýuziw bilime elýeterliligi giňeltmek we türkmenistanly çagalardyr ýaşlara bilim bermegiň mümkinçilikleri boýunça ýurduň köp sanly edaralary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär. Bularyň ählisi Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryna we çaganyň hukuklary ulgamynda üstüne alan borçnamalaryna laýyklykda, ähli çagalaryň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarydyr.

Çagalary goramagyň halkara gününde ulgamda netijeli hyzmatdaşlyk üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirýärin!

Geliň, çagalaryň röwşen geljeginiň hatyrasyna bilelikdäki işimizi dowam etdireliň!

Kristina WEÝGAND,

BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekili.