Paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Talyp joşguny – 2021» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyry geçirildi.
Berkarar döwletimiziň sene ýazgysy beýik başlangyçlaryň esasynda il-ýurt bähbitli işleriň durmuşa geçirilmegi, uly üstünlikleriň, ösüşleriň gazanylmagy bilen baýlaşýar. Milli Liderimiziň: «Medeniýet ýaş nesli milletiň gadymy ruhy däp-dessurlarynda terbiýelemek döwlet işiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýen sözlerinden ugur alnyp, talyp ýaşlaryň zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak hem-de türkmeniň milli medeniýetiniň ýokary belentliklerine ýetmäge ruhlandyrmak we arassa ahlakly, ylymly-bilimli, watançy, kämil nesli kemala getirmek döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Milli medeniýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky döwlet derejesinde alnyp barylýan tutumly işler halkymyzyň, aýratyn hem ýaş nesliň ata Watanymyza, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Gahryman Arkadagymyza bolan buýsanjyny artdyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bagtly talyp ýaşlarynyň köňül joşguny aýdymdyr tanslara, goşgudyr sazlara siňip, bagtyýarlygyň waspçysy bolup ýaňlanýar. Bilimden paýly, ylma höwesli, döredijilik ruhly türkmen talyplary Gahryman Arkadagymyz tarapyndan yzygiderli üns-alada bilen gurşalýar.
Halkymyzyň milli medeniýetiniň many-mazmunyny ýaş nesillere öwretmek, ýaşlarda halkymyzyň milliligine bolan buýsanjy kemala getirmek, ýurdumyzda alnyp barylýan işlere ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, ata Watanymyzy wasp etmek, türkmeniň medeniýetini, aýdym-saz sungatyny dünýä ýaýmak, talyp ýaşlaryň arasyndan dörediji zehinleri ýüze çykarmak, çeper höwesjeňleriň ukybyny ösdürmek maksadyna eýerýän bu döredijilik festiwalynyň deslapky tapgyrlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ýaýbaňlandyryldy.
Döredijilik festiwalynyň jemleýji konsertinde bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda has netijeli çykyş eden ýokary okuw mekdepleriniň talyplar topary bilelikde çykyş etdiler. Birnäçe şertden ybarat bolan bäsleşigiň barşynda talyplar bagtyýar zamanamyzy wasp edýän edebi-çeper kompozisiýany ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli durmuşa geçirýän işlerinden, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň eşretli durmuşdan ylham alan şirin aýdymlar juwan köňülleriň joşguny bolup ýaňlandy. Talyplar toparyndan düzülen orkestriň milli we nusgawy saz gurallarynyň sazandarlyk etmeginde sazly çykyş, aýdyşyk aýdymy, türkmen halk aýdymy, halk döredijiliginiň eserlerinden ýerine ýetirilen parçalar, şygyrlary çeper okaýyş, meşhur awtorlar tarapyndan döredilen aýdymlary ýerine ýetirmek, taryhda yz galdyran şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen teatrlaşdyrylan sahna oýny, saz astynda tansly çykyşlar ýaşlaryň döredijilik başarnyklarynyň ussatlygyny açyp görkezdi.
Talyplar toparynyň taýýarlan edebi sazly çykyşy tomaşaçylarda has uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň türkmen talyplarynyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly we ösen döredijilik ukyply hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda alyp barýan syýasaty aýdyň dabaralandy.
Döredijilik festiwalynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar «Medeniýet halkyň kalbydyr» diýip, ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerini hakykat ýüzünde häzirki wagta durmuşa geçirýän we şeýle mizemez kadalary, asylly ýörelgeleri rowaçlandyrýan, jan Watanymyz Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirýän, hoşniýetli parahatçylyk ýörelgämizi mynasyp dabaralandyrýan, talyp ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän ýaşlaryň Hak Howandary Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömriniň uzak, belent başynyň aman, aýdyň maksatly döwletli tutumly işleriniň bolsa uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
«Talyp joşguny – 2021» atly döredijilik festiwalyna gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi we Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Has köp suratlary «Multimediýa» bölüminde görüp bilersiňiz!
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.