11-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän ugurlary boýunça hasabat berdiler. Öz nobatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda hasabat berdi we döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli kararyň taslamasyny hödürledi.
Her ýylda geçirilýän däp bolan bäsleşik ýurdumyzda 12-nji iýunda dabaraly ýagdaýda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli Ylymlar akademiýasy hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan guraldy.
“Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ylmy bäsleşik ylmyň hem-de tehnologiýalaryň iler tutulýan 6 ugry boýunça geçirildi. Şolaryň hatarynda nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika; biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika; maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary; häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdeleri öndürmek tehnologiýalary; innowasion ykdysadyýet; ynsanperwer ylymlary ugurlary bar. Yglan edilen bäsleşige ýaşlaryň jemi 1053-si gatnaşyp, baýrakly orunlara hödürlenen ýaşlaryň 57-si – 32 talyp hem-de 25 ýaş alym bäsleşigiň ýeňijiligine mynasyp görüldi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ähli döwürlerde dünýäde bolup geçýän oňyn özgertmeleriň ählisiniň esasy bolup hyzmat eden ylmyň ösüşine aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.
Häzirki döwrüň talaplaryny nazara almak bilen, ylym ulgamyny düýpli özgertmek işi başlandy. Şol özgertmeler bolsa ylmy işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmaga, geljegi uly ugurlarda düýpli we amaly ylmy barlaglary işjeň geçirmäge, ýurdumyzyň ylmy-barlag edaralarynyň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda her ýyl geçirilýän ylmy işleriň bäsleşiginiň ýurdumyzyň ylmyny giňden wagyz etmäge, häzirki zaman jemgyýetinde onuň ornuny artdyrmaga ýardam edýändigini belläp, degişli Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de ylmy bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, 12-nji iýunda eziz Diýarymyzda Ylymlar gününiň bellenilýändigine ünsi çekmek bilen, hemmeleri güneşe baý bereketli tomus paslynyň ilkinji günlerinde dabaraly bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady.
Milli Liderimiz beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny şanly wakalar bilen dabaralandyrýan «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramçylygyň şanyna geçirilýän çäreleriň mähriban halkymyzy, aýratyn hem ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiligini beýik işlere galkyndyryp, berkarar döwletimizde gazanylýan üstünliklere çäksiz buýsanç duýgularyny döretjekdigine berk ynam bildirdi.
Jemgyýetimiziň we döwletimiziň ösüşiniň hereketlendirijisi hökmünde biz ýurdumyzda ylmyň we tehnikanyň bitewi hem-de öňe gidýän ösüşini üpjün edýän ylmy-tehniki syýasatymyzy üstünlikli alyp barýarys. Ylmyň we tehnologiýalaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça geçirilýän barlaglaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak, döwrebap senagat kärhanalaryny döretmek, ykdysadyýeti sanly ulgama geçirmek bilen, durnukly ykdysady ösüşi gazanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Kuwwatly ykdysady, ylmy-medeni mümkinçiliklere eýe bolan döwlet hökmünde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşigindäki abraýyny has-da pugtalandyrýarys. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 – 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, ylym ulgamynyň kuwwatyny, adamyň aň-bilim mümkinçiliklerini artdyrmak bilen, ykdysadyýetimiziň innowasiýalara, tehnologiýalara we öňdebaryjy tejribelere daýanýan ösüşini üpjün etmäge möhüm ähmiýet berýäris diýip, milli Liderimiz nygtady.
Şonuň bilen birlikde, Ylymlar akademiýasynyň institutlarynda, pudaklaýyn ylmy-barlag edaralarynda we ýokary okuw mekdeplerinde nano, himiýa, kompýuter, häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary, täze materiallary öwrenmek, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlary ýaly ileri tutulýan ugurlarda netijeli işler alnyp barylýar.
Ylym pudagyna degişli döwlet maksatnamalarynyň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagynyň netijesinde häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä esaslanýan adam mümkinçiligi yzygiderli kämilleşdirildi, ekologiýa taýdan arassa we galyndysyz ykdysady-önümçilik düzümler – kuwwatly zawod-fabrikler guruldy diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Garagum sährasynyň hem-de Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly görnüşlerini gorap saklamaga, «Altyn asyr» Türkmen kölüni we onuň şor suw akabalaryny oba hojalygynda peýdalanmaga, Aralyň tebigy heläkçiliginiň öňüni almaga gönükdirilen täze tehnologiýalar döredildi.
Türkmen topragynyň köp dertlere em bolan mineral suwlaryny, bejeriş palçyklaryny we dermanlyk ösümliklerini ulanmagyň ylmy esaslary işlenilip taýýarlanyldy. Ýerli çig mallardan ýokary hilli derman serişdeleriniň öndürilmegi ýola goýuldy. Miwe, ir-iýmiş, gök, bakja ekinleriniň, dowarlaryň, gara mallaryň, düýeleriň, guşlaryň we balyklaryň täze tohumçylygy döredildi.
Türkmen halkynyň emele gelşiniň we ösüşiniň gözbaşlary, gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhdaky türkmen döwletleriniň kemala geliş we ösüş taryhy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän taryhy-medeni ýadygärliklerimiz, dilimiz, edebiýatymyz, medeniýetimiz we sungatymyz ylmy esasda yzygiderli öwrenilýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ylym, bilim we innowasion tehnologiýalar babatda Birleşen Milletler Guramasy, beýleki iri halkara guramalar hem-de daşary ýurt döwletleri bilen hyzmatdaşlygyny yzygiderli pugtalandyrýar.
Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisini Ylymlar güni bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, ylmy hem-de döredijilik işlerinde täze üstünlikleri we açyşlary, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.