18-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň raýatlarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de COVID-19 pandemiýasyna garşy durmak boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler kesgitlenildi.
Milli Liderimiz mejlisi açyp, dünýäde koronawirus keseli bilen bagly ýagdaýlaryň ýaramazlaşmagy zerarly, şu gün Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisini geçirmek barada karara gelnendigini belledi. Häzirki wagtda dünýäde koronawirus keseliniň täze-täze görnüşleri ýüze çykýar. Aýry-aýry ýurtlarda onuň eýýäm 14 müňden gowrak görnüşi hasaba alyndy.
Dünýäde ýiti öýken sowuklama ýokanjynyň ýüze çykyp başlan ilkinji günlerinden başlap, Türkmenistanyň Hökümeti bu howply kesele garşy aýratyn jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.
Häzirki döwürde geçirilen örän uly işleriň netijesinde, ýurdumyzda koronawirus ýokanjynyň ýüze çykarylmandygyny aýdyp bileris, ýöne biz heniz arkaýynlaşmaly däldiris diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň başlygy N.Amannepesowa söz berdi. Ol COVID-19-yň ýurdumyzyň çägine aralaşmagynyň we ýaýramagynyň öňüni almak boýunça amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, biziň halkymyzda: “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýilýändigini nygtady. Ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmegiň nobatdaky çärelerini geçirmek maksady bilen, milli Liderimiz gaýragoýulmasyz wezipeleriň birnäçesini kesgitledi.
Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlardan gelýän raýatlary hökmany 21 gün karantin gözegçiliginde saklamagyň we soňra öý şertlerinde gözegçiligi dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Şonuň bilen birlikde, ilatyň arasynda COVID-19 ýokanjyna garşy sanjym etmegi hem-de daşary ýurtlardan COVID-19 ýokanjyna garşy sanjymlary satyn almagy dowam etmeli diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Serhet geçelgelerinde alnyp barylýan gözegçilik işlerini has-da güýçlendirmegi, ilatymyzyň arasynda keselleriň öňüni almak boýunça alnyp barylýan wagyz-nesihat işlerini güýçli depginlerde dowam etmegi, keselleriň öňüni almak üçin zerur bolan derman, sarp ediş, anyklaýyş we zyýansyzlandyryş serişdeleriniň ätiýaçlyk goruny döredip, onuň üstüni yzygiderli dolduryp durmagy ileri tutulýan çäreleriň hatarynda görkezildi. Milli Liderimiz dünýä döwletlerindäki epidemiologik ýagdaýlary yzygiderli seljerip durmagyň, şeýle hem bu ugurda dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy dowam etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.
COVID-19 ýokanjynyň öňüni almak boýunça saglygy goraýyş işgärleriniň arasynda okuw sapaklaryny geçirmek öňde durýan möhüm wezipeleriň biridir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de eýeçiligiň görnüşine garamazdan, hemme edara-kärhanalaryň Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň çözgütlerini gyşarnyksyz berjaý etmelidigini aýdyp, bu mesele boýunça yzygiderli hasabat berip durmagy tabşyrdy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligine ýurdumyzyň ähli ilaty babatda zerur bolan sanjymlary satyn almak üçin gerek bolan serişdeleri bermek tabşyryldy.
Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, ýygnananlara mähriban halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.