Ýurdumyzda gyzgalaňly dowam edýän orak möwsüminde türkmen gallaçylary Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bellenilýän ýylda uly zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Olar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ekerançylygyň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, şu ýyl bol bugdaý hasylyny ösdürip ýetişdirdiler.
20-nji iýunda birbada alty etrap döwlete galla tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hoş habar iberdiler.
Galla oragynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary öňde barýarlar. Meşhur türkmen bugdaýynyň taryhy watanynda şu möwsümde 62 müň 550 tonnadan gowrak galla öndürildi. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bolsa 21 müň 500 tonnadan gowrak bugdaý hasyly ýygnaldy.
Lebap welaýatynyň ekerançylary hem uly netijeler gazandylar. Köýtendag etrabynyň gallaçylary 17 müň 600 tonnadan gowrak, Hojambaz etrabynyň ekerançylary bolsa 21 müň 200 tonnadan gowrak bugdaý hasylyny öndürip, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý etdiler.
Mary welaýatynyň daýhan birleşiklerinde hem galla oragy güýçli depginde dowam edýär. Welaýatyň Tagtabazar we Ýolöten etraplary döwlet tabşyrygyny berjaý etdiler. Bu etraplar döwlet harmanyna şu güne çenli degişlilikde, 17 müň 300 tonnadan gowrak hem-de 25 müň 200 tonnadan gowrak ak bugdaý tabşyrdylar.
Häzirki wagtda galla oragyna gatnaşyjylaryň her biri “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän şu ýyly täze zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýär. Öňdebaryjy etraplaryň bugdaý taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny möhletinden öň abraý bilen ýerine ýetirmekleri ýurdumyzyň beýleki etraplarynyň gallaçylaryny hem zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar.
Şeýle zähmet üstünligi özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny garşylamaga taýýarlanýan eziz Diýarymyzyň ähli gallaçylarynyň hem döwlet tabşyryklaryny abraý bilen berjaý etjekdiklerine berk ynam döredýär.