Günüň ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň hem-de Alty Garlyýew köçesiniň çatrygynyň golaýynda peýda bolan bu ägirt uly durmuş-medeni maksatly desga milli Liderimiziň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda guruldy.
Milli Liderimiz bäş welaýatyň we paýtagtymyzyň hormatly ýaşululary we kümüş saçly eneleri bilen bilelikde, ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesýär we täze ajaýyp binany açdy.
Döwlet Baştutanymyz “Türkmeniň ak öýüniň” içine girýär. Şol ýerde Lebap welaýatynyň milli saz gurallary topary milli Liderimizi joşgunly çykyşlary bilen garşylaýarlar. Hormatly Prezidentimiz binanyň bezeginiň aýratynlyklary hem-de umumymilli we halkara ähmiýetli dürli çäreleri, baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.
Täze desga bilen tanşanyndan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tomaşalar jaýyna bardy. Şol ýerde bu ajaýyp waka mynasybetli Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.
“Türkmeniň ak öýünde” emele gelen ruhubelentlik we baýramçylyk ýagdaýy türkmenistanlylaryň günsaýyn rowaçlanýan Garaşsyz, baky Bitarap Watanyna hakyky buýsanjynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Konsert “Arkadagly ýurduň milli sungaty” atly edebi aýdym-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra meşhur we ýaş artistler, ýurdumyzyň döredijilik toparlary aýdymlary hem-de tanslary ýerine ýetirmekde, hor we folklor sungatynda öz ussatlyklaryny görkezdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşy hem tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Konsert maksatnamasyna gadymy “küştdepdi” tansy hem girizildi. Bu tans täze taryhy eýýamyň döredijilik kuwwaty bilen baýlaşdyryldy. Ol döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz ruhy arabaglanyşygyny alamatlandyrdy.
Konsertiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň ählisiniň ýerine ýetirmeginde “Alkyş Size, Arkadag!” atly aýdym ýaňlandy. Bu aýdym türkmen halkynyň özüniň milli Lideri bilen bitewüdigini aýdyň görkezdi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz Watanymyz deňsiz-taýsyz üstünliklere we ösüşe eýe boldy.
Konsert tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Bu ýerde milli Liderimize “Türkmeniň ak öýi” binasynyň şekili sowgat berildi.
Şu günki waka mynasybetli hormatly Prezidentimiz Lebap welaýatynda gurlan “Türkmeniň ak öýüne” täze awtoulag serişdesini sowgat berdi. Soňra döwlet Baştutanymyz baýramçylyk sadakasyna gatnaşdy. Sadaka tamamlanandan soň, milli Liderimiz ýygnananlar bilen hoşlaşdy we bu ýerden ugrady.
Şol gün döwlet Baştutanymyz Aşgabada gaýdyp geldi.