27-nji iýunda ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi.
Baýramçylyk dabaralary Aşgabadyň merkezinde, şahyryň adyny göterýän şaýoluň ugrunda ýerleşýän Magtymgulynyň ýadygärliginiň ýanynda başlandy. Bu ýerde öz eserlerinde Watanyny wasp eden akyldar şahyryň şygyr ussatlygyna we raýat edermenligine belent sarpanyň nyşany hökmünde gül goýmak dabarasy boldy.
Magtymgulynyň ýadygärliginiň töwereginde emele gelen ajaýyp halyny ýatladýan gül desseleri türkmeniň beýik ogluna halkyň söýgüsiniň we belent sarpasynyň, şeýle hem öz eserleri bilen türkmenistanlylaryň dürli nesillerini jebisleşdiren şahyra çuňňur hoşallygyň beýanydyr.
Şeýle hem şu gün ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezlerinde Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary geçirildi. Dabaralaryň çäklerinde döredijilik duşuşyklary we şygryýet agşamlary guraldy.