27-nji iýunda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi.
Aşgabadyň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Halkara howa menzilinde dostlukly döwletiň Baştutanyny ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar. Uçaryň ýanynda belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Asylly däbe görä, milli lybasdaky oglanjyk we gyzjagaz gyrgyz Liderine gül desselerini gowşurdy.
Gyrgyz Respublikasynyň Baştutanynyň awtoulag kerweni howa menzilinden sapar mahaly kabulhanasy ýerleşýän “Oguzkent” myhmanhanasyna tarap ugrady.
Günüň ikinji ýarymynda Prezident Sadyr Žaparow Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak maksady bilen, Gypjaga bardy we bu ýerde ýerleşýän aramgähde gül desselerini goýdy. Şeýle hem ol Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Soňra belent mertebeli myhman paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy. Asylly däbe görä, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bu ýerdäki Hormatly myhmanlaryň seýilgähinde iki döwletiň we halkyň mizemez dostlugynyň nyşany hökmünde bag nahalyny oturtdy.
Bu ýerden Sadyr Žaparow ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasyna bardy hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanşyp, Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow we onuň bilen bile gelen wekiliýetiň agzalary Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşlygyny tamamlanlaryndan soňra, Türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdylar. Duşuşygyň gün tertibine iki ýurduň söwda-ykdysady, eksport we maýa goýum mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, iki ýurduň işewürler toparlarynyň söwda-ykdysady ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändikleriniň subutnamasy bolan şu günki çäräni guraýandygy üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirildi.
Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana resmi sapary dowam edýär.