27-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy.
Bu ýerde döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli guralan dabaranyň çäklerinde paýtagtymyzyň ilatynyň adyndan milli Liderimize sowgat berlen, Akşäher atly bedew bilen didarlaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Akşäher atly bedew bilen gezelenji tamamlap, bu ýerde idedilýän Hanbeg atly bedewiň ýanyna geldi. Hanbegler we Okgyz atly bedewleriň neslinden bolan ajaýyp at meşhur Gaplaňyň ugruna degişlidir. Milli Liderimiz Hanbegi eýerläp, ony çapuw ýodasyna çykardy we bedewi maýdalyna sürdi.