Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna seredildi.

Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz «Türkmeniň ak öýleriniň» welaýatlaryň medeniýet merkezlerine öwrülmelidigini nygtap, ýolbaşçylara ýurdumyzda iň gowy «Türkmeniň ak öýüni» kesgitlemek boýunça bäsleşigi geçirmek meselesini öwrenmegi tabşyrdy. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Geldinyýazow ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, adamlaryň ömür dowamlylygyny artdyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ministrlikleri hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýanyň” hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň taslamalary işlenip taýýarlandygy barada habar berdi. Mejlisde türkmen-gyrgyz ykdysady forumyny hem-de Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisini guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.