Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň – ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ýaşlarymyzy çeper söz bezeýär, biz hökmany suratda ata-babalarymyzyň öz ruhlaryny siňdiren dilini kämil bilmeli. Sebäbi sözüň medeniýeti adamyň içki medeniýetini kesgitleýär» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni giňden wasp etmek, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary döredijilik gözleglerine we üstünliklerine ruhlandyrmak maksady bilen şeýle hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli geçirilen bu döredijilik bäsleşigi täze zehinli ýaşlaryň ýüze çykmagyna uly itergi berdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklary bu günki ýaşlarymyzyň kalplaryna ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyzyň döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy çeper sözde wasp edýärler. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.
Döredijilik bäsleşigiň ahyrynda ýeňiji bolan ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän ýaşlaryň Hak Howandary Mähriban Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, aýdyň maksatly beýik tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.