29-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gün-günden gözelleşýän ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Döwlet Baştutanymyzyň ulagy paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getiren kaşaň “Arkadag” myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada saklandy.
Şanly waka mynasybetli bu ýere Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi ýygnandylar. Dabaranyň myhmanlarynyň hatarynda ýurdumyzda işleýän diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri we sungat ussatlary bar. Myhmanhana toplumynyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Guralan dabara ýurdumyzyň meşhur döredijilik toparlary, görnükli artistler gatnaşyp, özleriniň ajaýyp ýerine ýetirijilik ussatlyklaryny görkezdiler we bu ýerde geçirilýän medeni köpçülikleýin çäräniň joşgunyny has-da artdyrdylar.
Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen täze binanyň toý bagyny kesýär. Uly dabara beslenen medeni çäreleriň utgaşmagynda “Arkadag” myhmanhanasy açyldy! Şu pursatda dürli reňkli howa şarlary asmana uçurylýar. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça “Bouygues Batiment International” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurlan “Arkadag” myhmanhanasy özboluşly bezegi, häzirki zaman binagärlik çözgütleri bilen haýran galdyrýar. Myhmanhana toplumy ýarym aýlaw görnüşinde bolup, onuň eýeleýän meýdany 220 müň inedördül metrden gowrakdyr. 14 gatly myhmanhananyň beýikligi – 76,5 metr. Ol uzynlygy 290 metr bolan merkezi binadan we oňa goşulýan iki binadan ybaratdyr. Merkezi bina goşulýan ganat görnüşdäki binalaryň her biriniň uzynlygy 134 metrdir. Toplumyň çäginden emeli derýanyň geçmegi bu taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri bolup durýar. Derýanyň ugrunda dynç almak we gezelenç etmek üçin niýetlenen seýilgäh zolagy gurlupdyr.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň myhmanhananyň içine girip, onuň otaglarynyň abadanlaşdyrylyşy, olarda dynç almak üçin döredilen mümkinçilikler bilen tanyşdy. Soňra hormatly Prezidentimiz myhmanhananyň birinji gatyna düşdi we bu ýerde Hormatly myhmanlar üçin niýetlenen kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dabara gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.