29-njy iýunda paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan güni mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.
Hormatly Prezidentimiz häzirki döwrüň görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgäri bolup, umumadamzat meselelerini çözmekde işjeňligi hem-de täzeçil çemeleşmeleri bilen halkara jemgyýetçilikde belent abraýa eýedir. “Alkyş Size, şöhrat Size, Arkadag!” baýramçylyk dabarasynyň meýilnamasyny açan “Dünýäň beýik Lideri Siz, Arkadag!” kompozisiýasynda bu mowzuk esasy ýörelgeleriň biri boldy.
Konsert meşhur sazandalaryň, halk we estrada aýdymçylarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Tans we halk döredijiligi toparlary öz ussatlyklaryny görkezdiler. Bu baýramçylyk çäresi türkmen sungatynyň ägirt uly kuwwatyny açyp görkezýän sahna oýunlarynyň we žanrlarynyň dürlüligi bilen tapawutlandy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden “Bagt nury” aýdymy tomaşaçylar üçin hakyky sowgat boldy. Owadan mukamy, manyly sözleri bilen bu aýdym ýygnananlaryň kalbynda uly orun tapdy, tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary munuň subutnamasyna öwrüldi.
Dabarada gadymy «Küştdepdi» tansy ýerine ýetirildi. Bu tansy ýerine ýetirmek bilen, mähriban Diýarymyzyň abadançylygy we gülläp ösüşi üçin, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde giň gerimli işleri durmuşa geçirýän milli Liderimiziň daşyna jebislenen ildeşlerimiziň agzybirligi beýan edildi.
Baýramçylyk konsertiniň ahyrynda hemmeleriň gatnaşmagynda “Uzak ýaşa, Arkadag!” atly aýdym ýerine ýetirildi. Bu aýdymyň joşgunly sözleri we sazy halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gülläp ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza bolan bagtyýarlyk we buýsanç duýgularyny beýan etdi. Parahatçylyk, ösüş we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzyň üstünliklerine bagyşlanan bu aýdymy ýygnananlar şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar hem-de “Şöhrat Size, Arkadag!», «Uzak ýaşa, Arkadag!” diýip, joşgun bilen aýtdylar.