Hormatly Prezidentimiz daýhanlaryň zähmet ýeňişleri baradaky hasabatlary kabul etdi

30-njy iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynyň häkimleriniň ýurdumyzyň gallaçylarynyň däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlaryny kabul etdi.

Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan oba hojalygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi bilen baglanyşykly meselelere üns berýändigi, oba zähmetkeşleriniň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ýokary derejeli ýaşaýşy we öndürijilikli zähmeti ugrunda zerur şertleriň döredilýändigi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

Soňra zala her welaýatdan elleri bugdaý desseli hem-de däneden doly horjunly ýaşajyk wekiller geldi. Çagalar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy bereketli türkmen topragy hem-de ondan bol hasyl alýan zähmetkeş daýhanlarymyz baradaky goşgulary bilen gutladylar. Watanymyz, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri, Arkadag Prezidentimiz hakyndaky şahyrana setirler belentden ýaňlandy.

Oglanjyklar we gyzjagazlar döwlet Baştutanymyza ýüzlenip, daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti ugrunda edilýän alada, toprakdan bol hasyl almak, oba adamlarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, olaryň abraýyny artdyrmak ugrunda döredilýän şertler üçin welaýatlaryň ähli zähmetkeşleriniň adyndan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

Çagalar milli Liderimizi galla oragynyň üstünliklere beslenmegi mynasybetli guralýan dabara bilen gutlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ak bugdaýdan taýýarlanan sowgatlaryny gowşurdylar.

Döwlet Baştutanymyz gallaçylaryň gazanan üstünligi bilen gutlandyklary üçin welaýatlaryň ýaşajyk wekillerine minnetdarlyk bildirip, olaryň haýyşy boýunça ýadygärlik surata düşdi.

Hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşýanlara berk jan saglyk, mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.