Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda berkarar ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, jemgyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan giň gerimli özgertmeler her bir jemgyýetçilik guramalarynyň öňünde ajaýyp zamanamyzyň ýokary talaplaryna laýyklykda wajyp wezipeleri goýýar. Bagtyýar ýaşlarymyzy watansöýüjülik ruhunda
hem-de ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen belent ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemek, milli Liderimiziň türkmen topragynda giňden ýaýbaňlandyran oňyn özgertmelerini, ynsanperwerlige ýugurulan döwlet syýasatynyň mundan beýläkde rowaçlyklara beslenmeginde ýaş nesillerimiziň mynasyp ornuny pugtalandyrmak Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň baş maksatlarynyň biridir. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 8-nji ýanwaryndaky Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» netijeli durmuşa geçirilmegi giň dünýägaraýyşly, hünärine ökde, kämil hukuk medeniýetli ýaşlaryň kemala gelmegine ýokary derejede üns berilýändigini aýdyň görkezýär. Türkmenistan ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly işjeň gatnaşmagy üçin oňaýly şertleri döredýär. Ýaşlarda ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, zähmete bolan söýgini terbiýelemek bolsa ählihalk wezipesi bolup durýar. Aýratyn begendirýän hakykat bolsa, bu işleriň üstünliklere beslenmegi ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet derejesinde ähli mümkinçilikleri döredip ýaşlara uly ynam bildirýändigidir.
Ynha, golaýda hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda terbiýeçilik işlerini güýçlendirmek, ýaşlaryň sanly ulgam bilen baglanyşykly düşünjesini ýokarlandyrmak, internet ulgamyny ýerlikli peýdalanmaklaryny hem-de ýaşlarda
ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn-durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, watansöýüjüligi, ynsanperwerligi, zähmete söýgüni terbiýelemek, edep-ekramly, ahlak-taýdan arassa, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýüze çykýan nogsanlyklary aradan aýyrmak maksady bilen «Halallyk – durmuşyň aýdyň ýoludyr» ady bilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ýaş alymlarynyň hem-de hünärmenleriniň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Şeýle terbiýeçilik ähmiýetli çäreleriň yzygiderli geçirilmegi ýaş nesillerimiziň has-da hemmetaraplaýyn giň düşünjeli we zähmetsöýer bolup ýetişmegine uly täsir edýär.
Aýna ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Himiýa institutynyň aspirantura bölüminiň baş hünarmeni.