Dünýe içre adyň belent

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde guramaklarynda «Hormatly Prezidentimiziň Bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan daşary syýasatynyň üstünlikleri» atly maslahat geçirildi.

Maslahata çykyş edenler şu ýylyň 29-njy iýulynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde milli Liderimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bellenilýän ýylda kabul edilmegi hem-de ählumumy durnukly ulag ulgamyny döretmäge, özara bähbitli ykdysady we söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge anyk goşant boljakdygyny şeýle-de umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine mähriban Arkadagymyzyň alyp barýan parasatly daşary syýasatynda gazanylan ýene bir uly üstünligidigini uly buýsanç bilen bellediler.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-aragatnaşyk ulgamyna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli daşary syýasy ugrunyň durmuşa geçirilmegi netijesinde, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ulag ulgamy dünýä ykdysadyýetiniň möhüm bölekleriniň biri bolmak bilen, dünýä hojalyk gatnaşyklaryny durnuklaşdyrmaga hem-de sazlaşdyrmaga gönüden-göni täsir edýär we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde möhüm orun eýeleýär.

BMG-niň çäklerinde bu ugurdaky ähli tagallalary birleşdirmäge uly goşant goşýan Türkmenistan döwletimiz köpugurly utgaşdyrylan ulag ulgamyny döretmäge gönükdirilen iri düzümleýin taslamalary öňe sürýär hem-de olary daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen üstünlikli amala aşyrýar.

«Demirgazyk — Günorta» hem-de «Günbatar — Gündogar» ugurlary boýunça çäk taýdan örän amatly ýerleşýän ýurdumyz sebit hem-de yklym ähmiýetli wajyp üstaşyr ulag we logistik merkez hökmünde özüniň ornuny ynamly pugtalandyrýar. Mähriban Arkadagymyzyň oýlanyşykly parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ulag toplumynyň ähli pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň depginli ösdürilmegini hem-de düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen ugurdaş maksatnamalar işlenip düzülýär hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bu halkara resminamanyň kabul edilmeginiň aýratyn manysy bardyr. Çünki bu waka Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň ýokary netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrülendigini çykyş edenler nygtap geçdiler.

BMG-niň agza döwletleriniň 193-si tarapyndan biragyzdan kabul edilen hem-de 48 ýurduň döredijileri bolup çykyş eden bu Kararnama türkmen tarapyndan Baş Assambleýanyň 75-nji sessiýasynda öňe sürlen başlangyçlaryň iş ýüzünde amala aşyrylýandygyny aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda olary durmuşa geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Şolaryň netijesinde 75-nji sessiýada möhüm halkara resminamalar kabul edildi hem-de anyk netijeler gazanyldy.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen kabul edilen: «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama Türkmenistanyň milletler bileleşigindäki ýokary abraýynyň ýene bir subutnamasydyr. Şonuň üçin hem mähriban Arkadagymyz bu Kararnamanyň «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» kabul edilmeginiň aýratyn manysynyň bardygyny, ýurdumyzda Bitaraplyk ýörelgesine esaslanyp durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ýokary netijelidigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalary, halkara syýasatynda hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan gymmatly taglymatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylýar diýip maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahata ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraý mertebesini Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan hoşniýetli ynsanperwer parahatçylyk ýörelgämizi üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.