Aýdyň geljegiň kepili

Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Mejlisiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi we Aşgabat şäher Geňeşiniň, Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň bilelikde guramaklarynda "Dünýe içre ykrar edilen milli Liderimiziň parahatsöýüjilikli hoşniýetli daşary syýasatynyň dabaralanmasy" atly maslahat geçirildi.

Maslahata çykyş edenler şu ýylyň ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda dostluk we özara hormat goýmak hem-de ynanyşmak, konstruktiwizm we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen gepleşikleriň netijeleri boýunça özara ylalaşylan çözgütler geljekde taryhy taýdan emele gelen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary esasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm başlangyçlaryny we bu ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň giň gerimli, uzak möhletleýin we durmuşa ukyply meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berjekdigini hem-de milli Liderimiziň ýurdumyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmek, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, ägirt uly özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen alyp barýan işleri, durmuşa geçirýän giň gerimli maksatnamalary, halkara syýasatynda hyzmatdaşlygyň uzak geljegini nazarlaýan gymmatly taglymatlary Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şöhratly taryhynyň sahypalaryna altyn harplar ýazyljakdygyny uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahata ahyrynda oňa gatnaşanlar Berkarar Watanymyzyň abraý mertebesini Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrýan hoşniýetli ynsanperwer parahatçylyk ýörelgämizi üstünlikli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Merkezi Geňeşiniň

bölüm müdiri.