Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda «Ata barynda – ogul ýaş, aga barynda ini ýaş» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler halkymyzyň milli mirasyny
nesillerden-nesillere geçirmek, beýik söz ussatlarynyň ruhy-edebi mirasyny öwrenmek, ony ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek, ruhy ahlak gymmatlyklarymyzy, sagdyn durmuş ýörelgelerimizi ýaýbaňlandyrmak, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen kämil nesli terbiýelemek ýetişdirmek, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň esasy aýratynlygydyr. Munuň özi ýaşlarda watansöýüjilik, belent adamkärçilik, halallyk, ýokary ahlaklylyk, janypkeşlik, ynsaplylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedigini bellediler.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraý-mertebesiniň häzirki buýsançly döwürde merdana halkymyzyň baý medeni ruhy gymmatlyklarynyň gadymy
ýol-ýörelgeleriniň ajaýyp öwüşginleriniň many-mazmunyny il içinde esasanam ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmekde türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini rowaçlandyrýan, jan Watanymyz Türkmenistany dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň derejesine ýetirýän, hoşniýetli parahatçylyk ýörelgämizi mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman, röwşen ömrüniň uzak, aýdyň maksatly döwletli tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bölüm müdiri.