Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda ýakynda Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilen XXXII tomusky, Olimpiýa oýunlarynda sportuň agyr atletika görnüşi boýunça çykyş edip, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň medalyna mynasyp bolan Polina Gurýewanyň üstünligine bagyşlanan, «Halkara sport äleminde Arkadagdan arkaly, giň dünýäde sarpaly ýurdumyzyň zenan türgenleriniň orny» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän binýada esaslanýan bedenterbiýe we sport babatynda döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bedenterbiýäni we sporty döwlet derejesinde goldamak we ösdürmek ugrunda taryhy işler amala aşyrylýar. Durmuşa geçirilýän bu taryhy işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli, ruhubelent ýaşlar kemala gelýär. Ýaşlary watançylyk, belent ynsanperwerlik ruhunda we milli ruhyahlak ýörelgeler esasynda terbiýelemek, beden taýdan taplamak we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga höweslendirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňe sürülýän wezipeleriň möhüm bölegi bolup durýar. Bagtyýar we ruhubelent ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip we döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp sagdyn durmuş ýörelgesini we köpçülikleýin bedenterbiýäni özlerine hemra edinýärler şeýle-de halkara sport ýaryşlarynda üstünlikler gazanyp, ýokary derejelere eýe bolup türkmen sportunyň
şan-şöhratyny belende göterýärler diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda zenan türgenleriň sanynyň artýandygy hemem olaryň halkara ýaryşlarynda ynamly ýeňiş gazanyp türkmen baýdagyny al-asmanda göterýändigi, döwlet senamyzy sport giňişliginde belentden ýaňlandyrmagy başarýandygy barada bellemek bilen maslahata gatnaşyjylar şunuň bilen baglylykda gendir syýasatynyň netijeli alnyp barylýandygy barada-da durup geçdiler.
Şeýle hem maslahatyň dowamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli sport ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy netijesinde, öz üstünlikleri bilen Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da belende götermäge, sport babatda gazanylanlary pugtalandyrmaga saldamly goşandy üçin hem-de Tokioda geçirilen XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda sportuň Agyr atletika görnüşi boýunça 59 kg çenli agram derejesinde çykyş edip, umumylykda 217 kg agramy göterip, baýrakly 2-nji orna mynasyp bolup we Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medalynyň eýesi bolandygyny nazarda tutup, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň sportuň Olimpiýa görnüşleri fakultetiniň 5-nji ýyl talyby, Türkmenistanyň at gazanan sport ussady Polina Gurýewa ilkinji gezek Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasynyň VII bölüminiň 49-50-nji böleklerine laýyklykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Hormatly agzasy diýen ady dakyldy hem-de degişli şahadatnama we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza türkmen sportuny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary üçin alkyş hemem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.