“Sagdyn ýaşlar bagtyýarlyk döwrümiziň aýnasydyr”

Tejen şäherindäki 6-njy çagalar bagynda zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlaryň arasynda Hormatly Prezidentimiziň “Türkmen ýaşlary ruhy taýdan sagdyn, tämiz ahlakly bolmaly” diýen sözlerinden ugur alyp, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek, olaryň sagdyn durmuş baradaky düşünjelerini kämilleşdirmek, maksady bilen “Sagdyn ýaşlar bagtyýarlyk döwrümiziň aýnasydyr” diýen şygar astynda geçirilen wagyz-nesihat ýygnagy. Ýygnagyň dowamynda TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň bölüm müdiri K.Nurberdiýew, TDP-nyň Tejen şäher komitetiniň partiýa guramaçysy G.Gurbangylyjowa, Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň birleşmesiniň başlygy  E.Seýidowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenleriň belleýşi Uly ýaşlylary we çagalary kesellerden goramak üçin şahsy gigiýenany düzgünleri berk berjaý edilmelidir. Daşardan gelnende, nahar iýmezden öň we soň eller akýan suwda sabyn bilen ykjam ýuwulmalydyr. Aşhanada, ýaşalýan we iş otaglarynda arassaçylyk işleri yzygiderli geçirilip durulmalydyr. Kiçi ýaşly çagalary naharlamak üçin ilki eller sabyn bilen ýuwulmalydyr. Çaga diňe täze taýýarlanan iýmitler berilmelidir. Çagalaryň gap-gaçlaryny häli-şindi ýuwujy serişdeler bilen ýuwup, ulanmazdan öň üstünden gaýnag suw guýup çaýkamalydyr. Oýnawaçlary hem çaga bermezden öň, ýuwup arassalamak zerurdyr diýip, maslahat berdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli asylly işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny, janynyň sag, belent başynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.