“Ýagşy ene ýagşy gyza görelde”

Tejen şäherindäki 11-nji çagalar bagynda zähmet çekýän terbiýeçi mugallymlaryň arasynda Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatlarynyň ýurdumyzyň gülläp ösmegine edýän oňyn täsirlerini hem-de watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, millilik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Ýagşy ene ýagşy gyza görelde”diýen at bilen wagyz nesihat ýygnagy. Ýygnagyň dowamynda TMÝG-niň Tejen şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni A.Annamyradowa, TDP-nyň Tejen şäher komitetiniň partiýa guramaçysy G.Gurbangylyjowa, Ylym we bilim işgärleriniň KA-nyň birleşmesiniň başlygy  E.Seýidowa dagylar çykyş etdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly Türkmen halky gaty ünsli bolýar, esasanda gyzlarymyz ähli ünsi özünde jemleýär. Olaryň köpçülik ýerlerinde özlerini alyp barşy, geýinişi bilen şol gyza baha berip bolýar. “Il gözi terezi” diýip hem ýöne ýere aýdylmaýar. Şeýle-de ýaşlaryň arasynda keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, berjaý edilmeli düzgün-tertip barada, ýagny agyz-burun örtüklerini dakynmagyň şertlerini doly we dogry berjaý etmek, sport bilen yzygiderli meşgullanmak, ellerimizi ýygy-ýygydan ýuwmak we kadaly iýmitlenmek, gök önümlerdir miweleri hem-de arassa agyz suwuny köpräk içmekligi maslahat berdiler hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli asylly işleriniň mundan beýläk hem rowaç almagyny, janynyň sag, belent başynyň dik bolmagyny arzuw etdiler.