Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp bolan zehinli çagalary sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu baýrak ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşyp, bagtyýar döwrümizi wasp etmekde ýokary döredijilik başarnygyny, işjeňligini görkezýän, milli medeniýetimizi, aýdym-saz sungatymyzy ösdürmekde öz goşandyny goşýan, şeýle-de bilim, döredijilik bäsleşiklerinde, dürli derejedäki
ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda ýeňiji bolan, galyberse-de beýleki ugurlarda tapawutlanýan çagalara berilýär. Baýragyň ýeňijilerini Täze ýylyň
başynda dabaraly ýagdaýda sylaglamak ajaýyp däbe öwrüldi. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinde geçirilen dabarada baýraga mynasyp bolan
ýaş zehinleriň şatlygyny duýmak has-da buýsançly boldy. Tmýg-niň Merkezi Geňeşiniň hem-de ähli welaýat Geňeşleri bilen bilelikde guramagynda geçirilen dabarada bagtyýar çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň degişli şahadatnamasy hemde gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Baýraga mynasyp bolan çagalar ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmäge giň ýol açandygy üçin hormatly
Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Orazguly KAKABAÝEW,
TMÝG-niň merkezi
Geňeşiniň bölüm müdiri.