Şu gün paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamaklarynda ýaş gelin-gyzlaryň arasynda 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly mynasybetli «Arkadagly zamanada bagtyýar maşgalam bar» atly dabaraly maslahat duşuşygy geçirildi.
Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty ýurdumyzda her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny amala aşyrmaga, adalatly jemgyýetde bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir.
Biziň milli ýörelgämizde zenan mertebesi, hormaty hemişe ýokarda goýulýar. Şonuň üçin pederlerimiz «Zenan mähek daşydyr» diýen pelsepäni döredipdirler. Bu çuň manyly pelsepäniň özeninde türkmen zenanynyň edebi, mertebesi bardyr.
Gahryman Arkadagymyzyň «Maşgala näçe berk boldugyça, döwlet şonça hem baý bolar» diýen dana ýörelgesi esasynda, türkmeniň döwletlilik ýörelgesine, maşgala gymmatlyklaryna we däp-dessurlaryna goýýan hormaty we berýän goldaw-hemaýaty tutuş türkmen ýaşlarynyň beýik buýsanjy we nusgalyk göreldesidir.
Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar we bu mizemez başlangyçlar häzirki wagtda Mähriban Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmeniň döwletlilik ýörelgesi esasynda giňden dabaralandyrylýar diýip belläp geçdiler.
Ata Watanymyzda maşgala mukaddesligine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmen jemgyýetinde maşgala ojagy mukaddes hasaplanylýar. Aýallaryň ýokary jemgyýetçilik hukuk derejesi türkmen jemgyýetinde gadymdan gelýän demokratik gymmatlyklar bilen baglydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda alnyp barylýan işlere aýallaryň erkekler bilen deň hukukly gatnaşmagyna ähli mümkinçilikler döredilýär.
Şoňa görä-de, ýurdumyzda maşgala gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän kanunçylyk namalary yzygiderli kämilleşdirilýär. 2021-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde sekiz we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren eneleriň has ir pensiýa çykmagy bilen baglanyşykly degişli kanunlara täze kadalaryň girizilmegi teklip edilmegi şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň çaganyň doglandygy üçin döwlet kömek pullarynyň, bäş we şondan köp çagany terbiýeläp ýetişdiren zenanlara berilýän döwlet kömek pullarynyň möçberiniň artdyrylmagy, köp çagaly maşgalalara berilýän ýeňillikler baradaky başlangyçlaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Milli Geňeşi tarapyndan «Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» şeýle hem «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzda zenanlaryň goýlan we olara döredilýän mümkinçilikleriň döwlet derejesinde kepillendirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmeniň döwletlik ýörelgelerini we zenanlaryň mertebesini dünýä ýüzünde giňden dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiziň janyň sag, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.