Dünýä nusgalyk ösüşiň ählumumy maksatlary

 

Dünýä nusgalyk ösüşiň ählumumy maksatlary

 

Türkmen döwletliliginiň häzirki keşbini ýurdumyzyň hoşniýetli halkara hyzmatdaşlygynda, Bitaraplyk we parahatçylyk ýörelgelerine laýyklykda ýetilýän  durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylmy-tehnologik sepgitlerinde, ähli ugurlaryň sazlaşygynda we durnukly ösüşinde görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizi yzygiderli kämilleşdirmek babatyndaky maksatnamalaýyn ösüş syýasatynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýy aýratyn orny eýelemek bilen, howpsuzlygyň üpjün edilmegine şol sanda, ylmyň ösmegine, tejribäniň kämilleşmegine, durnukly durmuş-ykdysady ösüşlere amatly şertleri üpjün edýär. Şeýle hem, her bir jemgyýetiň durnukly döwrebap ösüşi onuň halkara giňişligine eýeleýän mynasyp ornuny berkitmek şol sanda, ekologiýa sazlaşygynyň ählumumy üpjün edilmegindäki tagallalary bilen berk baglanyşykly bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk döredijilik sungatyny dünýä ýaýýan Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasy ugrunyň ynsanperwer ýörelgelere, döwrebap ösüşlere, dostluk-doganlyk gatnaşyklaryna hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygy buýsandyryjy hakykatdyr.

Ynsanperwer gatnaşyklaryň mazmunyny düzýän halkymyzyň gadymdan gelýän zähmetsöýerlik, hoşniýetlilik, rehimdarlyk, myhmansöýerlik, sabyrlylyk, geçirimlilik, dogruçyllyk, parahatçylyk söýüjilik, watançylyk ýaly asylly häsiýetleri dünýä döwletleri we halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge we özara peýdaly hyzmatdaşlyk etmäge ýardam berýär. Munuň şeýledigine, “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti, YHG-nyň 14-nji sammiti, Türki dilli döwletleriň guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň maslahaty, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi ýaly halkara gatnaşyklaryndaky şanly wakalar Eziz Diýarymyzyň daşary syýasy giňişligindäki mynasyp ornuny berkidýär. Hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 10-njy dekabrynda döwletimiziň daşary ýurtlardaky diplomatik we konsullyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşy bolsa, döwletimiziň daşary syýasy ugrunyň ynsanperwer maksatlary bilen sazlaşýan şol bir wagtda, halkara durmuşynyň gün tertibinde durýan wajyp wezipeleriň amal edilmeginiň döwrebap konsepsiýasyny emele getirýär. 

Mähriban Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty - halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» ady bilen geçirilen halkara maslahatyndaky çykyşynda “Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany “Dialog — parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrardym. Geliň, onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirleneliň!” diýip dünýä bileleşigini halkymyzyň parahatçylyk taglymatynyň, dostlugyň we doganlygyň dabaralanmagyna çagyrýar. Elbetde, wagt bir ýerde durmaýar. Dünýä jemgyýetçiligi özgerýär, her bir döwür özüne mahsus bolan amal edilmegi wajyp döwrebap meseleleri, ileri tutulýan ugurlary öňe çykarýar. Ählumumy gymmatlyklaryň ykrar edilmegini nazarlaýan halkara gatnaşyklaryň filosofiýasy hem häzirki zaman şertlerinde geljegi nazarlaýan durnukly ösüş seljermesiniň esaslandyrylmagyny ileri tutýar. Şunda hususan-da, adam gymmatlyklaryna we serişdelerine, halkara ykdysady we maliýe dolanşygynyň netijeliligine, maýa goýumlaryna şeýle hem, döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň ösdürilmegine, energetika, ulag hem-de ekologiýa ýaly halkara gün tertibinde durýan wezipeleriň çözgüdiniň tapylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ählumumy ösüşi nazarlaýan wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde ýurdumyz giň mümkinçiliklere eýe bolup, bu ugurda özüniň mynasyp goşandyny yzygiderli goşýar. Halkara giňişliginde durmuş derejeli döwlet hökmünde ykrar edilýän Türkmenistanyň dünýäde dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan saýlap alan ösüş ýoluna ygrarlydygyny 2022-nji ýylyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynda durmuş ulgamyna degişli pudaklara gönükdiriljek serişdeleriň möçberiniň 76 göterimden hem ýokary göz öňünde tutulmagy aýdylanlary doly tassyklaýar.

Häzirki zaman şertlerinde dünýäde ekologiýalaşmak, ýaşyl ykdysadyýete geçmek, ýaşyl zolaklaryň we tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ekoşäherler, harytlaryň, hyzmatlaryň ekobelgilenmegi, energiýanyň gaýtalanýan çeşmelerini özleşdirmek mümkinçilikleriniň innowasion çemeleşmeleriniň ylmy taýdan esaslandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Halkara Bileleşiginiň 2030-njy ýyla çenli durnukly ösüş maksatlarynda atmosfera howasy we suw serişdeleri ýaly tebigy obýektleri goramak, tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy, önümçilik galyndylarynyň gaýtadan işlenilmegi arkaly olaryň möçberini azaltmak, howpsuz we arassa hilli iýmit önümleriniň, innowasiýalaryň, tehnikalaryň hem-de tehnologiýalaryň üpjün edilmegi wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Munuň özi, dünýä ykdysadyýetiniň we senagatlaşmanyň, ählumumy ösüş derejesiniň barha ýokarlanmagy ýaly ýagdaýlar bilen düşündirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiziň halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa mynasyp bolýan ekologiýa başlangyçlary Bitarap döwletimiziň ekologiýa diplomatiýasynyň many-mazmunyny, ileri tutulýan ugurlaryny, olary durmuşa geçirmegiň maksadalaýyklygyny kesgitleýär.

Ählumumy ekologiýa ösüşi nazarlaýan bu ynsanperwer başlangyçlary BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlisleri, BMG-niň durnukly ösüş boýunça «Rio+20» we daşky gurşawyň goragyna gönükdirilýän halkara maslahatlar, “Tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiliklerini azaltmak” atly III Bütindünýä maslahaty şeýle hem, VII Bütindünýä suw forumy ýaly dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni wajyp meselelerde jemleýän ählumumy pikir alyşmagyň netijeli gurluşlarynda çuň manyly, ylmy taýdan esaslandyrylan çykyşlarynda aýdyňlygy bilen beýan edilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde çykyş etmegi şeýle hem, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň  ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň konferensiýasynyň 26-njy mejlisine gatnaşmagy we onda beýan edilen döwrebap garaýyşlar aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Her bir adamyň ýaşaýyş şertliniň, durmuş abadançylygynyň esasy görkezijileriniň hatarynda önümçiligiň, tehnologiýanyň, sarp ediş ulgamlarynyň we kanunçylygyň umuman, islendik işiň ekologiýalaşmak häsiýeti dünýä tejribesinde oňyn bahalandyrylýar. Şunda, ählumumy ykrar edilýän ýaşyl ykdysadyýet konsepsiýasyna geçilmegi arkaly ekologiýa taýdan arassa önümçiligi nazarlaýan innowasion çemeleşmeler ykrar edilýär. “Ýaşyl ykdysadyýet” ykdysady ylmyň we filosofiýanyň köp ugurlaryny özünde jemleýär. Bu taglymat soňky ýigrimi ýyldan gowrak döwrüň dowamynda kemala gelen ykdysady ylmyň ugry bolup, ykdysadyýetiň tebigy gurşaw bilen berk baglanyşyklydygyny, onuň tebigy gurşawyň çäklerinde hereket edýändigini hem-de möhüm düzüm bölegidigini öwrenýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda raýatlaryň abadan durmuşyna gönükdirilen ykdysady özgertmeleriň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagy döwletimiziň durnukly ösüşiniň esasy görkezijisi bolup çykyş edýär. Şunda hususan-da, ylmyň gazananlarynyň daşky gurşawyň goralmagyna gönükdirilmeginiň, döwrebap innowasion tehnikalaryň, tehnologiýalaryň we usullaryň netijeli peýdalanylmagynyň ekologiýa howpsuzlygyny pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada Mähriban Arkadagymyz Suw – ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi” atly kitabynda “Biz innowasion tehnologiýalar esasynda güneşli Diýarymyzyň ýiti gün şöhlesiniň, ýeliň, Hazar deňziniň suw tolkunlarynyň energiýasyny, Köpetdagyň we Köýtendagyň ýerasty suw çeşmelerini milli ykdysadyýetimizde ulanmaga ilkinji nobatdaky möhüm wezipeler hökmünde garaýarys” diýip aýratyn belleýär. Her ýylda däp bolşy ýaly, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri tarapyndan saýaly, pürli, miweli baglaryň hem-de üzümiň jemi 30 million düýp nahalynyň ekilmegi ýurdumyzda “ýaşyl ösüşi” nazarlaýan ylmy taýdan esaslandyrylan döwrebap tejribäniň özboluşly beýany bolup durýar. 

Umuman, Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün edýän döwletimiziň halkara hyzmatdaşlygy barha ilerleýär. Şol bir wagtda, ýurdumyz halkara gatnaşyklarynyň arhitekturasyny berkidýän döwrebap filosofiýasynyň kemala gelmegine täze garaýyşlary, halkymyzyň gymmatlyk hökmünde ykrar edýän medeni-ahlak ýörelgeleri, parasatly durmuş tejribesi esasynda özüniň mynasyp goşandyny goşýar.

Atamyrat BEKÇIÝEW

Türkmenistanyň Daşary işler

 ministrliginiň Halkara gatnaşyklary

 institutynyň talyby

 

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY