Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işleri açyp görkezmek hem-de wagyz etmek maksadyndan ugur alnyp yglan edilen «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýaşlaryň gözi bilen» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Milli Liderimiz: «Zehinli adamlar Watanymyzyň ezizleridir. Zehini açmak bolsa eziz Diýarymyzda durmuşa geçirilýän döwletli işlerde birjik-de ünsden düşürilmeýän wezipedir» diýen sözlerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýaşlaryny döredijilige höweslendirmek we olaryň zehinlerini açmak maksady bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşigine, döredijilik bilen meşgullanýan ýaş žurnalistler, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr mugallymlary, mekdep okuwçylar hem-de harby gullukçylar işjeň gatnaşdylar. Bäsleşige gatnaşan ýaşlar
«Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda durmuşa geçirilen beýik işler, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen desgalar, hemişelik Bitaraplygymyzyň ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyndaky orny, dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň, täzeçil garaýyşlarynyň ähmiýetini, olaryň many-mazmunyny, gazanylýan üstünlikleri anyk mysallar arkaly açyp görkezýän makalalardyr oçerkleriň we söhbetdeşlikleriň birnäçesi hödürlediler. Eminler toparynyň agzalary bäsleşige hödürlenen eserleri içgin seljermek bilen, olaryň many-mazmunyna we çeperçiligine baha berdiler. Olaryň arasyndan iň mynasyplary bolsa bäsleşigiň ýeňijileri hökmünde kesgitlenildi.
Bäsleşigiň ýeňijilerine Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan degişli diplomlar we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
bölüm müdiri.