Ekologik bilim, kämil medeniýet

Islendik jemgyýetiň esasy düzüm bölegini ýaşlaryň düzýändigi, ýaş nesliň ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýändigi hemmelere mälim hakykatdyr. Häzirki ylym we innowasiýalar döwründe bolsa, ýaşlar täze tehnologiýalary, täzeçillikleri gündelik durmuşa ornaşdyrmakda has işjeňlik bilen tapawutlanýar. Häzirki döwür bolsa, maglumat tehnologiýalarynyň, innowasiýalaryň döwri, jemgyýetiň ähli ulgamlary kompýuter tehnologiýalary bilen baglanyşykly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ykdysadýetiň ähli ulgamlarynda işleýän hünärmenlere öz işine bilimli çemeleşmek, döwrebap bilimli bolmak her bir adamyň, ulgamyň, jemgyýetiň ösüşiniň esasy görkezijisine öwrülýär. Şonuň üçin,ylymda bilimler ykdysadyýeti diýen düşünje hem barha giň gerime eýe bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, döwletiň milli baýlygyny döretmekde adam faktoryna esasy orun degişlidir. Eýýäm häzirki döwürde dünýä döwletleriniň köpüsinde adam kapitaly ykdysady ösüşiň we ylmy-tehniki progressiň badyna tizlik berýär, bäsdeşlige ukyplylygyň, ykdysady ilerlemeleriň we önümçiligiň netijeliliginiň görkezijisi bolup çykyş edýär (Gurbanguly Berdimuhamedow. Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy., I tom., s.280.). Munuň özi, häzirki wagtda ählumumy ösüşiň esasy hereketlendirijisi hökmünde halk hojalygynyň islendik pudagynda hünärine ökde kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagyny şertlendirýär. Çünki, maýa goýumlaryň düýp özenini emele getirýän esasy serişde bolup adamyň özi – zähmetkeş – ertirki hünär eýeleri bolan ýaşlar çykyş edýär.  

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Döwlet Baştutanymyzyň  tagallalary bilen ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýaşlaryň ylym-bilim şol sanda ruhy-ahlak-terbiýe taýdan kämil bolmagy olaryň Watana bolan söýgüsi hem-de geljekki sagdyn jemgyýetimiziň düýbüniň berkden tutulmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Watana bolan söýgi bolsa, onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerinde dünýä derejesinde öň hatara çykýan daşky gurşawy goramak ugrunda döwletimiziň işjeňlik görkezýän ählumumy ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize, asylly däplerimize eýerilip ýaş nesle ekologiýa biliminiň çuňňur berilmegi, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetiniň pugtalandyrlymagy ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Munuň özi durnukly ösüş konsepsiýasynyň baş maksady bolan nesillerimiz üçin daşky gurşawyň aýawly saklanylmagy we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy babatynda hem wajyp bolup durýar.

Her bir adamyň tebigy we jemgyýetçilik gurşawdaky hünär we adaty işjeňliginde amatly şertleriň döredilmegini we guralmagyny maksat edinýän bilimiň, terbiýäniň hem-de medeniýetiň derejesini kesgitleýän ekologik pikir ýöretmek ilkinji nobatda adamyň erkin  ösmegini, onuň saglygynyň goralmagyny maksat edinýär. Şunda hususan-da, adamyň tebigata gatnaşygynyň, daşky gurşawda özüni alyp barmagynyň şahsy jogapkärçilik duýgusynyň, tebigat bilen iş alyp barýan hünärmenlerde bolsa, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäniň kemala gelmegi, adamyň we tebigatyň özara baglanyşygy babatynda täze bilimleriň yzygiderli özleşdirilmegi daşky gurşawy netijeli dolandyrmagyň esasy şertleri hökmünde kesgitlenilýär. Daşky gurşawy goramak ugrunda kämil hünärmenleri taýýarlamakda hem-de jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmakda ýaş nesliň aňyna ekologiýa biliminiň düýpli ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti bolsa, öz-özünden bellidir. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň orta, ýörite we ýokaryokuw mekdeplerinde daşky gurşawy goramagyň we tebigata aýawly çemeleşmegiň esaslary ýörite hünärmenleri taýýarlamak şeýle hem, okuw derslerini okatmak arkalygiň gerimde alnyp barylýar.

Ekologik bilim bermek ekologiýa medeniýetliligi ösdürmegiň wajyp serişdesi bolup, ol ylmy dünýägaraýşy, ýaşlarda tebigata bolan dogry çemeleşmäni terbiýeleýän daşky gurşawyň ýagdaýyny hemmetaraplaýyn anyklamak endigi bolup durýar. Şeýle endigiň ýaşlarda bolmagy ylmyň kämil tehniki enjamlary bilen dolandyrylýan senagat önümçiliginiň daşky gurşawa täsirini azaltmaga gönükdirilen ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, ekologiýa innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynda gazanylýan netijelerde aýdyň ýüze çykýar. Ählumumy ekologiýa meseleleri oňyn çözmegiň esasy şerti hem ekologiýa medeniýetlilik, adam bilen tebigatyň özara sazlaşygynyň üpjün edilmegi, tebigata diňe bir maddy däl-de eýsem ruhy gymmatlyk hökmünde hem garalmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa, häzirki wagtda ýaşlarda ekologiýa medeniýeti pugtalandyrmagyň jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm wezipeleriniň birine hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilmegine itergi berdi. Hususan-da, bu ugurda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan halkara guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan hem tebigy mirasyň goragynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, ekologiýa düşünjeliligiň, medeniýetiň dünýä derejesinde ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işler alyp barylýar. Ekologik bilimi kämil bolan şahsyýetde kemala gelýän ekologiýa medeniýetliligi bu adamyň aňyny ekologiýalaşdyrmagyň iň ýokary derejesidir.

Ekologiýa bilimi göz öňünde tutýan hukuk kadalaşdyrmanyň kämilligi, jemgyýetde hukugyň amala aşyrylmagy arkaly ekologiýa aň-bilimiň ýokarlanmagy, ekologik düşünjeliligiň artmagy arkaly yzygiderli ösüşiň maksatlaryna ýetmäge hukuk taýdan täsir edýär. Milli kanunçylygymyzyň jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini berkitmegi nazarlaýan gatnaşyklaryň düzgünleşdirilmegini göz öňünde tutýan kadalary özünde jemlemegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr

2014-nji ýylyň 1-nji martynda kabul edilen “Tebigaty goramak hakynda” Türkmenistanyň  kanunyna laýyklykda, ekologik bilim ulgamyny guramak we ösdürmek, ekologik aňy terbiýelemek hem-de ekologik medeniýeti kemala getirmek ýurdumyzda tebigaty goramak babatynda esasy ýörelgeleriň hatarynda kesgitlenilýär. Kanunda ähli görnüşli hünär okuw edaralarynda, olaryň hünär ugruna garamazdan, ekologiýanyň esaslarynyň we tebigaty goramak boýunça dersleriň okadylmagy göz öňünde tutulýan kadalar öz beýanyny tapýar. Jemgyýetiň ekologik medeniýetini we hünärmenleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak maksady bilen ýurdumyzda mekdebe çenli, umumy orta bilimi, hünärmenleriň başlangyç  hünär, orta hünär we ýokary hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanylmagyny hem-de olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagyny öz içine alýan, tebigaty goramak babatda ählumumy, üznüksiz we elýeterli bilim we terbiýe üpjün edilýär.Tebigaty goraýyş  we beýleki döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň tebigaty goramak we tebigatdan rejeli peýdalanmak hakyndaky bilimleri ýaýradýandyklary, ekologiýany wagyz edýändikleri babatyndaky kadalar bolsa, halkymyzyň arasynda ekologik aň-bilimiň, düşünjeliligiň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsir edýär.

Umuman, islendik işe medeniýetli, paýhasly, ylmy esasda çemeleşmek bu işiň oňyn netijeleriniň kepili bolýar. Ýurdumyzda täze tehnologiýalardan başy çykýan, döwrebap bilimleri we ylmyň gazananlaryny özleşdirýän ýaş nesliň kemala gelmegi ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilmeginiň miweleri durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik ösüşlerde aýdyň görünýär. Jemgyýetiň ösüş kuwwaty bolan ýaşlaryň ylym-bilimleriniň daşky gurşawy goramaga gönükdirilmegi, bu ugurda hukuk binýadynyň kämilleşmegi bolsa ekologiýa medeniýetini ýokarlandyrýan Watan söýüjiligiň we ynsanperwerligiň alamaty, döwrüň zerur şerti bolup durýar.

 

Atamyrat BEKÇIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby,

TMÝG-nyň agzasy.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY