YLYM–BILIM WE DURNUKLY ÖSÜŞ

Hormatly Prezidentimiziň döwleti we jemgyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek ugrunda alyp barýan syýasaty “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgä esaslanýar. Bu bolsa ýurdumyzyň ähli sebitlerini gurşap alýan we halkyň abadan durmuşda ýaşamagynyň hatyrasyna üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmelerde, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ylmy-tehniki, medeni hem-de beýleki ugurlar boýunça maksatnamalarda öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasaty diňe bir eziz Watanymyzyň röwşen geljegine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, tutuş Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmegi nazarlaýar. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işjeň agzasy hökmünde belent abraýa eýe bolup parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine pugta eýerýär. Mälim bolşy ýaly, parahatçylyk we ynanyşmak – halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň zerur şertidir. Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde çykyş edýär. 2015-nji ýylyň sentýabrynda BMG tarapyndan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş baradaky Gün tertibi kabul edildi.

Ählumumy global maksatlaryň 17-sinde we wezipeleriň 169-synda beýan edilen bu strategiýa adamzadyň öňünde duran möhüm wezipeleriň çözülmegini maksat edinýär. Türkmenistan dünýäde ilkinjileriň hatarynda Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejede ornaşdyrmaga girişdi. Şunuň bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň wezipeleriniň 150-ä golaýy, şeýle hem görkezijileriň 200-e golaýy seçilip alyndy hem-de Hökümet derejesinde tassyklanyldy. BMG-niň agza ýurtlary tarapyndan kabul edilen bu strategiýany Türkmenistanda durmuşa ornaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň noýabryndaky Kararyna laýyklykda Iş topary döredildi. Bu Iş topary ministrliklerden, pudak edaralaryndan, häkimliklerden, jemgyýetçilik guramalaryndan we ylmy institutlardan ybarat bolup durýar. Durnukly Ösüş Maksatlarynyň 4-nji maksady “Hemmeleriň ýokary hilli bilim almagyny üpjün etmek we olara bütin ömrüniň dowamynda okamaga mümkinçilik döretmek” diýlip atlandyrylýar hem-de birnäçe wezipeleri we görkezijileri özünde jemleýär.

Türkmenistanda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryna düşünýän, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz: “..biz milli maksatnamalarymyzyň, konsepsiýalarymyzyň we giň gerimli özgertmelerimiziň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegine möhüm ähmiýet berýäris.” diýip belleýär. Şu jähetden, ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek we dünýä derejesine çykarmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Her bir raýatyň intellektual derejesi ýokarlandyrylýar, ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, edep-terbiýeli, ussat hünärmen bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär. Täze gurulýan mekdepleriň, ýokary okuw jaýlaryň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagy, olarda ylmyň täze gazananlarynyň ornaşdyrylmagy, ýaşlaryň döwrebap kompýuterlerden peýdalanmagyna oňaýly şertleriň döredilmegi, okatmagyň häzirki zaman usullarynyň girizilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýar.

2021-nji ýylyň 5-nji iýunynda “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi, ýurdumyzyň bilim babatdaky kanunçylygynyň döwrüň häzirki zaman talaplaryna esaslanmak arkaly barha kämilleşdirilýändigini aýdyň tassyklaýar. Kanunyň 1-nji maddasyna laýyklykda, jemgyýetiň ruhy, durmuş, ykdysady we medeni ösüşiniň esasy hökmünde bilimi kämilleşdirmek ýurdumyzy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bilim ýaş nesli terbiýelemek we okatmak barada şahsyýetiň, jemgyýetiň, döwletiň isleglerini kanagatlandyrmaga esaslanýan maksatlaýyn we ulgamlaýyn işiniň binýady hasaplanýar.

Ylmy-tehniki ösüşleriň asyry hasaplanýan häzirki döwürde ylmyň gazananlary, sanly tehnologiýalar, jemgyýetiň intellektual derejesi bu günki gün dünýäniň her bir ýurdunyň ykdysadyýetiniň ösüş depginini, geljegini kesgitleýji esasy görkeziji bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, bilim ulgamyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirmek – ýurdumyzyň ylmy jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipedir. Çünki häzirki döwürde ylym we bilim ähli ösüşleriň herketlendiriji güýji hasaplanylýar. Ýurdumyzyň bu ugurda amala aşyrýan düýpli özgertmeleri bu ulgamyň barha kämilleşýändiginiň ykrarnamasy bolup, ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrýar.

Häzirki zaman ösüşinde ösen döwletler bilen deň derejede gadam urmak üçin bilim we ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, halkara tejribesiniň iň soňky gazananlarynyň milli tejribe bilen sazlaşykda ornaşdyrylmagy wajyp bolup durýar. Halkara hyzmatdaşlygynda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde ýurduň ykdysadyýetiniň möhüm ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hem-de ýaşlary daşary döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde okatmakda netijeli işler ýola goýulýar. Dünýäniň ösen döwletleriniň bilim ulgamlarynda gazanylan üstünlikleriň tejribesinde milli bilim ulgamynyň usulyýet binýady döwrebaplaşdyrylýar.

Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýasy hökmünde sanly bilimiň durmuş-ykdysady ulgamda eýeleýän ornunyň barha giňelýändigini aýratyn nygtamak bolar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa ösüşine laýyklykda, 2017-nji ýylyň sentýabrynda bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy”, şeýle hem bu konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda toplanylan baý tejribe onuň ösüşindäki batly gadamlaryny görkezmek bilen, bu ugurdaky indiki ädimleriň has-da ilerlemeginde, ýaşlara berilýän bilimiň we terbiýäniň döwrebap ösýän jemgyýetimiziň ähli talaplaryna doly laýyk getirilmeginde täze wezipeleri öňde goýýar. Şunuň bilen, ýurdumyzyň ýeten belent sepgitleri geljekki ösüşleriň berk binýady boljak ylymly-bilimli, zähmetsöýer, durmuşa hemmetaraplaýyn ukyply, Watana wepaly ýaş nesliň kemala gelmegini kepillendirýär.

 

Nedir EÝEMBERDIÝEW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Medeniýet bölüminiň baş

hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 649 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4829 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY