Döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanyp alyp barýan köpugurly we oýlanşykly daşary syýasatyna dünýäde durnukly ösüşiň möhüm we aýrylmaz bölegi hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň bitarap ösüşiniň milli Garaşsyzlyga, özygtyýarlylyga ählihalk bolup hormat goýmak esasyna daýanýandygyny aýratyn bellemek gerek. Ýurdumyzyň her bir raýaty Bitaraplygy parahat durmuşyň sazlaşygy, ertirki güne ynam, asuda zähmet çekmäge we kämil nesilleri ýetişdirmäge bolan kepillik hökmünde kabul edýär. Sebäbi, Bitaraplyk - munuň özi hakyky kepillendirilen azatlygy, döwletliligi, durnukly ösüşi beýan edýär. Eşretli durmuşymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň aýdyň görkezijisi bolup durýan merjen paýtagtymyzda bina edilýän ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş-durmuş we medeni dynç alyş, hyzmat ediş hem-de jemgyýetçilik desgalarynyň, edara binalarynyň sanynyň yzygiderli artmagy bolsa, sazlaşykly ösüşiň aýdyň miweleridir.
Ählumumy ösüşiň gazananlarynyň halkara tejribesine esaslananyňda häzirki wagtda adam başarnygyny, onuň intellektual ukybyny tehnologik ösüşde we sanly ulgama geçmek babatda özleşdirmegiň wajyplygy ileri tutulýan wezipe bolup durýar. Häzirki döwrebap tehnologiýalar we innowasiýalar bolsa ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryna daýanýar. Mähriban Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyzda zehinli ýaşlar, ýaş maşgalalar, ýaş alymlar, ýaş hünärmenler we telekeçiler döwletimiz tarapyndan aýratyn goldaw bilen gurşalýar. Çünki, ýaşlaryň jemgyýetdäki durmuş-hukuk ýagdaýyny kesgitlemegiň wajyplygy ýurduň ösüşinde strategik häsiýetli adam maýasy hökmünde çykyş edýändikleri nukdaýnazaryndan olary özbaşdak durmuşa taýýarlamak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Parahatçylygy we ynsanperwerligi, döwrebap ösüşi nazarlaýan Bitarap döwletimiziň ertirki döwrebap ösüşlerine mynasyp goşant goşmak bagty hem döwrebap pikirlenýän, filosofik medeniýete eýe, işewür, özüne ynamly, şol bir wagtda, öz-özüni çäklendirmegi we özüne baha bermegi başarýan, halal zähmet çekýän ýaşlara baglydyr. Goý, Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Eziz Diýarymyz günsaýyn gül açsyn.
Bägül BEKÇIÝEWA
TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň
Medeniýet bölüminiň esasy
hünärmeni.