Hormatly Prezidentimiziň: «Biz ata-babalarymyzyň ündän ynsanperwer ýörelgelerini mynasyp dowam etdiriji merdana nesillerimizden — sizden beýik işlere garaşýarys. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň beýik geljeginiň, halkymyzyň we adamzadyň bagtyýarlygynyň, dünýä parahatçylygynyň bähbidine hyzmat etmek siziň üçin uly mertebe bolmalydyr» diýen paýhasly sözleri biziň işimizde esasy ýörelgeleriň biridir. Guramamyz ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemekde, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, ahlak taýdan arassa, ruhubelent nesiller bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy 1991- nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi. 30 ýyldan bäri netijeli işleri durmuşa geçirip gelýän bu guramanyň işgärleriniň we işjeň agzalarynyň gatnaşmaklarynda ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler yzygiderli guralýar. Her ýyl döredijilik duşuşyklarydyr maslahatlar, dürli ugurlar boýunça bäsleşikler geçirilýär. Bu çäre öňdebaryjy, zehinli ýaşlary ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň 2019- njy ýylyň 11-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýyna gatnaşmagy ýurdumyzda ýaşlar babatdaky aladalara döwlet derejesinde örän uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy. Gurultaýda eden çykyşynda milli Liderimiz guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp, ýaşlara watançylyk sargytlary, öwüt-nesihatlary bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyzyň sargytlaryndan ruhlanyp, olary durmuşda ýol-ýörelge edinýän türkmen ýaşlary bu gün döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşýarlar. Ýurdumyzda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy kabul edildi. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tertipnamasynyň täze rejelenen görnüşi taýýarlanyldy. Munuň özi guramanyň işiniň hasda döwrebaplaşdyrylmagyna we kämilleşmegine getirdi. Ýaşlar guramasy özbaşdak, meýletin jemgyýetçilik birleşmesi hasaplanýar. Watanyň hyzmatyna berlen wepaly ýaşlary birleşdirýän guramanyň esasy maksady döwletiň durnukly we ýokary depginli ösüşlerine mynasyp goşant goşmakdan ybaratdyr. Ýaşlaryň erk-islegleriniň goragynda durýan bu gurama öz maksatlaryny erkin amala aşyryp, döwlet bähbitlerini ileri tutýar. Onuň alyp barýan işleriniň netijesinde, hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilýär. Ýeri gelende aýtsak, berkarar döwletimizde zehinli ýaşlar juda kän. Olar watansöýüjilik ruhunda terbiýelenip, ýokary ahlakly, sporta, sagdyn durmuş ýörelgelerine wepaly, däp-dessurlarymyza ygrarly nesiller bolup ýetişýärler. Mälim bolşy ýaly, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli guramanyň Merkezi geňeşi tarapyndan her ýylda jemgyýetçilik durmuşynda öňdebaryjy, zehinli we aýratyn işjeňligi bilen tapawutlanýan ýaşlaryň birnäçesine Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylýar. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem bu baýraga ýurdumyzyň ýaşlarynyň 62-si mynasyp boldy. Bagtyýar ýaşlar özleri hakda edilýän aladalara mynasyp jogap bermek bilen, zähmetlerini, bilimlerini, zehinlerini hem ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň bähbidine gönükdirip, hakyky watançylygyň, zähmetsöýerligiň we ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygyň aýdyň nusgasyny görkezýärler. Munuň eziz Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, merdana halkymyza guwanyp, buýsanyp ýaşamakdyr. Bu ýaşlar üçin nusgalyk ýörelgedir. Watançy ýaşlarymyz agzybirlikde, abadançylykda, bagtyýarlykda, asudalykda ýaşaýarlar, gurýarlar, döredýärler, ynamly öňe barýarlar. Watançylyk, watanperwerlik baradaky ündewler milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren her bir dürdäne eseriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol eserler bagtyýar türkmen ýaşlary üçin ýolgörkezijidir. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzyň talyp ýaşlary we mekdep okuwçylary üçin geçen umumy okuw sapagynda hem ýaşlara watançylyk çagyryşlary bilen ýüzlendi. Milli Liderimiziň: «Watana bolan söýgi ýürekde orun alan iň näzik we päkize duýgudyr. Onuň gymmatyny hiç zat bilen ölçäp bolmaz» diýen parasatly sözleri bu günki günde türkmen ýaşlarynyň her biriniň kalbynda watançylyk senasy bolup ýaňlanýar. Okuw sapagynyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Watana bolan söýginiň onuň gözel tebigatyna, şöhratly taryhyna bolan söýgüden gözbaş alýandygyny ündedi. Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan giň gerimli işler, olarda ýaşlaryň eýeleýän orny barada belläp, Watanymyzyň ertirki eýelerine uly ynam bildirilýändigini nygtady. Biz — ýaşlar hormatly Prezidentimiziň: «Biziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatymyz Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz baglydyr» diýen dürdäne sözlerinden ruhlanyp, ruhubelentlik bilen döredijilikli zähmet çekip, ata Watanymyzy ösdürmekde, ýaşlary halal, zähmetsöýer, watançy nesiller edip ýetişdirmekde mundan beýläk-de yhlasly zähmet çekjekdigimize ynandyrýarys. Ýaşlar hakda bimöçber alada edýän, olara hemmetaraplaýyn görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, dünýä nusgalyk işleri elmydama rowaç bolsun!
Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy.