Ýaşlar baýragynyň eýesiniň ýürek buýsanjy

Asuda asmanyñ astynda, parahat zeminiñ üstünde ata Watanymyzyñ her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Mähriban Arkadagymyzyñ alyp barýan geljegi nazarlaýan oñyn başlangyçlary esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynyñ ähli ugurlarda bolşy ýaly, ýaşlar babatda amala aşyrylýan özgertmeler, edilýän aladalar halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiz: “Watan söýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmet söýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp­ başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir” diýip, ýaşlarymyza uly ynam bildirýär.

Şeýle ynamdan ruhlanyp diýarymyzda edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri, alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri, olaryň ýurdumyzyň, halkymyzyň durmuşyndaky taryhy ähmiýetini il arasynda wagyz­ nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny hem­-de işjeňligini görkezen ýaşlar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň döredilen güni mynasybetli yglan edilen Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen belent ada  mynasyp boldular. Şol sanda, maña hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar baýragynyň eýesi we hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Bu baýraga mynasyp bolmagym meniň durmuşymyň iň bagtly we ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlaryň biridir. Hormatly Prezidentimiziň biz ýaşlara bildirýän uly ynamyndan ruhlanyp çekýän zähmetimize berilen şeýle uly baha üçin biz ýaşlaryň buýsanjymyzyň çägi ýokdyr. Şeýle bagtyýar pursatda türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim alýan geljekki halkaraçy hünärmen hökmünde özüme bildirilen uly ynamy ödäp, geljekde ýurdumyzyň köptaraplaýyn diplomatiýasynyň ösüşine uly goşant goşmakda bar yhlasymy gaýgyrmajakdygyma ynandyrasym gelýär.

Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap ylym­, bilim almagy, hünär eýesi bolmagy, zähmet çekmegi, zehinlerini açyp görkezmekleri, ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik özgertmelere öz mynasyp goşantlaryny goşmak üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Il bähbitli, bütinadamzat ähmiýetli tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

 

Hatyja Döwletnazarowa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara

hukugy fakultetiniň III ýyl talyby,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar baýragynyň eýesi.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY