Abadançylyk ösüşiň girewidir

 Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi. Onuň barşynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, şeýle hem bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

 Döwlet Baştutanymyz 4-nji maýda geçiren Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ozal berlen anyk tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli goşunlarynyň kuwwatyny pugtalandyrmagyň, harby gullukçylaryň mynasyp gulluk etmegi üçin amatly şertleri döretmegiň, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmagyň harby ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň esasy ugurlary bolup durýandygyny belläp, döwletimiziň türkmen halkynyň parahat we abadan durmuşynyň, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygynyň hem-de howpsuzlygynyň goragynda berk durýan milli goşunymyzy kämilleşdirmek meselelerine mundan beýläk-de uly üns berjekdigini aýtdy.

 Soňra döwlet Baştutanymyz raýatlarymyzyň kanuny hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmakda Içeri işler ministrliginiň möhüm ornuny belläp, bu edaranyň we onuň ähli düzümleriniň işiniň döwrüň talabyna doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz IIM-iň işgärleriniň arasynda wezipe ygtyýarlyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanyp, para alyp, kanun bozulmalara ýol beren işgärleriň ýüze çykarylandygyny aýdyp, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky şahsy düzümiň arasynda düzgün-nyzamy gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň Içeri işler ministrine berk käýinç yglan etdi.

 Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokuratura işgärleri tarapyndan kanunçylygyň berjaý edilmeginiň zerurdygyny, şeýle hem garamagyndaky düzümleriniň ählisinde tertip-düzgüniň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň, parahorlugyň berk öňüni almagyň zerurdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy prokuraturanyň we içeri işler edaralarynyň birnäçe işgärlerini hukuk goraýjy düzümleriň işgärleriniň belent ady bilen bir ýere sygyşmaýan eden-etdilikleri üçin eýeleýän wezipelerinden boşadýandygyny aýtdy.

 Hormatly Prezidentimiz garamagyndaky para alýan korrumpirlenen işgärlere çäre görüp bilmedik A.Hallyýewe ýüzlenip, ony Baş prokuror wezipesinden boşatmaga razylyk berilmegi barada Mejlise hödürnama iberýändigini aýtdy.

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyz prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakyndaky Permanlara hem-de Kararlara gol çekdi.

 Milli Liderimiz asudalygy hem-de ählumumy abadançylygy üpjün etmekde Milli howpsuzlyk ministrliginiň işiniň möhüm ähmiýetini belläp, ýurdumyzda asudalygy we durnuklylygy gorap saklamagyň Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň ösüşiň we rowaçlygyň täze belentliklerine tarap üstünlikli hem-de okgunly öňe gitmeginiň girewi bolup durýandygyny nygtady.

“Nesil” gazeti,

06.05.2017ý.

Meňzeş habarlar