“Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda

Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçiriljek  “Talyp gözeli – 2022”

atly gözellik bäsleşiginiň

 

DÜZGÜNNAMASY

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarynda halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyzyň asuda, abadan parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar durýar. Mähriban Prezidentimiziň “Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar” diýen ajaýyp sözlerinden belent wezipe edinip  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi bilelikde Halkara zenanlar güni mynasybetli Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşigini geçirýär.  

 

Bäsleşigiň şertleri:

 

  1. Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukybyny, Hormatly Prezidentimiziň yglan eden “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny görkezmeli (talyp gyzlar öz isleglerine görä daşary ýurt dillerinde çykyş edip bilerler, wagty 5 minut).
  2.  “Bereketli türkmen saçagy” atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmeli  (wagty 10 minut).
  3. “Hünärim bar - hormatym bar”- bu şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp zenan özüniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmeli (wagty 10-15 minut).

 

Bellik: Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan              17-30 ýaş aralygyndaky talyp gyzlar gatnaşyp, olaryň her biri öz okaýan ýokary okuw mekdebiniň nyşany bilen çykyş etmeli.

 

Bäsleşigiň geçiş tertibi:

 

Bäsleşik ilki bilen ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 4-inden 25-i aralygynda geçiriler. Ýokary okuw mekdepleriniň hersinden ýeňiji bolan, ýagny, 1-nji orny eýelän talyp gyz paýtagtymyzda 2022-nji ýylyň mart aýynyň 1-inden 7-si aralygynda geçiriljek bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanar.

Ýokary okuw mekdepleriniň ilkinji ýaşlar guramasynyň başlyklary şol ýokary okuw mekdebinden bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak talyp gyzyň maglumatlaryny 2 nusgada (özi we dogan-garyndaşlary hakyndaky maglumat) we 9х12 ölçegdäki 2 sany suraty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşine 2022-nji ýylyň fewral aýynyň 28-ine çenli tabşyrmaly.

Bäsleşige gatnaşyjylara mynasyp baha bermek üçin ýurdumyzyň medeniýet, sungat  we  döredijilik  işgärlerinden  hem-de   bäsleşigi  yglan  eden

taraplaryň wekillerinden ybarat bolan eminler topary döredilip, olar bäsleşigiň her bir şerti üçin 5 (bäş) bahaly ulgamdan peýdalanyp, baha goýarlar. Eminler toparynyň çykaran çözgüdi gutarnyklydyr.

Goýlan bahalary goşmak arkaly bäsleşigiň ýeňijileri Baş baýrak we
1-nji, 2-nji, 3-nji orunlar
bilen mynasyp talyp gözeller yglan ediler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça aýratyn tapawutlananlara hem-de ýeňijilerine  Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň
Diplomlar, Hormat we Minnetdarlyk hatlary we sowgatlar gowşurylar.

 

Habarlaşmak üçin telefonlar:

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

  guramasynyň Merkezi Geňeşi: 44-88-79; 44-88-85;

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 44-84-16;

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi: 44-88-58.