Şu gün ― 2-nji martda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagyna tegelek 30 ýyl doldy.
Milletler Bileleşiginiň agzalygyna kabul edilen ilkinji günlerinden Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynda bellenen düzgünlerdir ýörelgelere, Adam hukuklary hakynda ählumumy Jarnama, Baş Assambleýanyň we Howpsuzlyk Geňeşiniň rezolýusiýa görnüşli halkara resminamalaryna hem-de esasy konwensiýalaryna eýermegi özüne borç edindi. Şol döwürden bäri ýurduň BMG-niň ulgamy bilen hyzmatdaşlygynyň gerimi görnetin giňeldilip, hususan-da, Türkmenistan daşary syýasy işinde aýratyn işjeňlik görkezdi. Häzirki wagtda Türkmenistan dünýäniň 151 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklap, halkara guramalaryň 50-ä golaýynyň agzasy bolup durýar. Daşary döwletleriň 40-synda ýurduň diplomatik wekilhanalarydyr konsullyk edaralary hereket etse, Türkmenistanda dünýä ýurtlarynyňdyr halkara guramalaryň diplomatik missiýalarynyň 48-si iş alyp barýar. Şol bir wagtda türkmen döwleti halkara ylalaşyklardyr konwensiýalaryň hem 167-sine gatnaşýar, BMG-niň geňeşleriniň, komitetdir komissiýalarynyň 13-siniň düzümine girýär.
BMG-niň edarasy Türkmenistanda 1993-nji ýyldan bäri hereket edip, guramanyň Çagalar gaznasy, Ilat gaznasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy ýaly düzüm birlikleri ilkinjileriň hatarynda ýurtda öz wekilhanalaryny açdylar. Häzirki wagtda bolsa guramanyň agentlikleriniň 19-sy onuň ýurt boýunça edarasynyň düzümine girip, durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasyny amala aşyrmaga gatnaşýar. Biziň hyzmatdaşlygymyz hemişe ýurduň Hökümetine milli derejede ileri tutulýan ugurlara hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam bermäge gönükdirildi. Adam hukuklary, gender deňligi, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, durmuş özgertmeleri ýaly ugurlarda özara gatnaşyklar has-da giňeldildi.