Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň paýtagtynyň we welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda Aşgabady hem-de welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk görmek meselelerine, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň hem-de owlak-guzy möwsüminiň barşyna garaldy.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, göni aragatnaşyga Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowy çagyrdy. Häkim aragatnaşyga çykyp duran ýerinden — welaýatyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyndan bu ýerde mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we haşal otlara garşy himiki serişdeleri sepmek, üçünji ösüş suwuny tutmaga girişmek boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Welaýatyň gowaça ekiljek meýdanlary ekiş möwsümine taýýarlanylýar, sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, gowaça ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, möwsüme doly taýýar etmek, pagta öndürijileri ekiş möwsümine çenli zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda çäreler görülýär. Şunuň bilen bir hatarda, ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, gök öwüsýän maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň talabalaýyk ýerine ýetirilmelidigini nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, welaýatda gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur gowaça tohumlaryny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.
Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, welaýatyň agzybir halkynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýandygyny bellemek bilen, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de daýhanlara özüniň salamyny ýetirmegi tabşyrdy. Milli Liderimiz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň, özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.
Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň halkyna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew Serdar etrabynyň «Goç» daýhan birleşiginden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde pomidor we käşir ekiljek meýdanda sürüm işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Häkim sürüm işleriniň öň ýanynda topragyň fosfor döküni bilen gurplandyrylandygyny, ekişden soň bolsa karbamid döküniniň beriljekdigini belledi.
Milli Liderimiz sürüm geçirilen topragyň ýagdaýy bilen gyzyklandy. Şunda häkim eline bir gysym toprak alyp, onuň çyglylygynyň we beýleki degişli aýratynlyklarynyň kadalara laýyk gelýändigini aýtdy.
Şeýle hem ýeralmanyň, soganyň we beýleki gök ekinleriň ekişiniň bellenen möhletlerde geçirilmegi, bugdaýa ideg edilişi, hususan-da, onuň bereketli hasylyny öndürmek maksady bilen, ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak üçin zerur tagallalaryň edilýändigi barada hasabat berildi.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýerleri öz wagtynda sürmek we tekizlemek, tohumlary saýlamak hem-de nobatdaky ekiş möwsümini ýörite tehnikalar bilen üpjün etmek ýaly agrotehniki çäreleriň uly ähmiýete eýedigini belläp, bu işleriň öz wagtynda geçirilmelidigini tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz saçaklarymyzyň bezegi bolan ak bugdaýyň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ak ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işlerini ylmyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek barada görkezmeleri berdi.
Milli Liderimiz welaýatyň agzybir halkynyň ýurdumyzyň bazarlaryny gök-bakja önümleri bilen üpjün etmekde uly işleri alyp barýandygyny bellemek bilen, munuň üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de daýhanlara özüniň salamyny ýetirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi.
Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.
Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň daýhanlaryna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow bilen göni aragatnaşyga çykdy. Milli Liderimiz häkimiň ekerançylyk meýdanyndadygyny synlap, onuň haýsy ýerde iş alyp barýandygy bilen gyzyklandy.
Häkim welaýatyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynda “Zehin açary” daýhan hojalygyna degişli meýdanda ýazlyk ýeralmanyň ekişine girişilmeginiň bellenilen ýerindedigini habar berdi.
Şeýle hem welaýatyň ýolbaşçysy sebitde häzirki wagtda ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bugdaýyň ýokary hasylyny ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak üçin häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen birinji gezek iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar hem-de ösüş suwuny tutmagy bellenilen agrotehniki möhletlerde geçirmek boýunça taýýarlyk işleri görüldi.
Hormatly Prezidentimiz ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça kabul edilen, Oba milli maksatnamasyna, şeýle hem ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda alnyp barylýan işler bilen hem gyzyklandy.
Häkim häzirki duran ýerinde ýazlyk ýeralmanyň ekiljek ýerleriniň ekişe doly taýýar edilendigini habar berip, şu ýylyň hasyly üçin welaýatda ýazlyk ýeralmanyň ekişine başlamaga ak pata bermegi uly hormat bilen haýyş etdi.
Milli Liderimiz ýeralmanyň ekişine başlamaga ak pata berip, möwsümi üstünlikli tamamlamak ugrunda ähli zerur tagallalary görmegi tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz welaýatyň ekerançylarynyň azyk howpsuzlygyny berkitmekde uly işleri alyp barýandyklaryny belläp, olara “Işiňiz ileri bolsun!” diýip arzuw etdi hem-de häkime ýüzlenip, «Daýhanlara salam ýetiriň!» diýdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow alyp barýan işleri üçin welaýatyň ähli halkyna minnetdarlyk bildirdi.
Döwlet Baştutanymyz hemmelere alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edip, häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi.
Hormatly Prezidentimiz hem “Bar boluň!” diýip, welaýatyň halkyna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde mundan beýläk-de ýene-de bir gezek üstünlikleri gazanmagy arzuw etdi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim welaýatyň Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginden göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde gowaça ekiljek meýdanda ýuwuş suwuny tutmak işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiziň gowaça ekiljek meýdana ýuwuş suwuny tutmaga ak pata bermegi bilen, häkim böwedi açyp, ekin meýdanyna suw goýberdi. Şeýlelikde, degişli işe girişildi.
Mundan başga-da, häkim sebitde alnyp barylýan beýleki işleriň ýagdaýy, ýazda gowaça ekiljek meýdanlaryň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, möwsümde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de ekerançylary tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdi. Welaýatda ýeralmanyň we soganyň ýokary hasylyny almak üçin olara degişli ideg işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň bugdaý meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegiň, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmegiň we ösüş suwuny tutmagyň bellenen talaplara laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şu işler bilen bir hatarda, sebitde gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerleri we zerur gowaça tohumyny möwsüme doly taýýar etmek barada hem görkezme berildi.
Milli Liderimiz welaýatyň agzybir ilatynyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge uly goşant goşýandygyny belläp, alyp barýan işlerinde we öňde goýlan ähli wezipeleri ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem hormatly Prezidentimiz häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Öz nobatynda, häkim «Bar boluň!» diýip jogap berip, milli Liderimize “Özüňiz hem armaň!” diýip ýüzlendi. Döwlet Baştutanymyz hem “Bar boluň!” diýip, häkime daýhanlara salam ýetirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi çagyrdy. Sakarçäge etrabyndaky «Maldar» maldarçylyk hojalygyna degişli sürüden sanly ulgam arkaly göni aragatnaşyga çykan welaýatyň häkimi owlak-guzy möwsüminiň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Mundan başga-da, sebitdäki beýleki işler barada hasabat berlip, gowaça ösdürip ýetişdirmäge bölünip berlen ýerleriň ekiş möwsümine taýýarlanylyşy, şol ýerleri sürmek we tekizlemek boýunça görülýän çäreler, gowaça ekişini geçirmekde ulanyljak tehnikalaryň we gurallaryň abatlanylyşy hem-de pagta öndürijileri zerur mukdarda tohum bilen üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler, şonuň ýaly-da, bugdaý meýdanlarynda ideg we ösüş suwuny tutmak işleriniň geçirilişi barada aýdyldy.
Ýazlyk ýeralmadan we sogandan ýokary hasyl almak maksady bilen, bu ekinlere degişli kada laýyklykda ideg edilýär hem-de beýleki gök-bakja ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi üçin zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, bugdaýy mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we olara ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna we möhletlerine laýyklykda geçirmek hem-de gowaça ekişine ýokary derejede taýýarlyk görüp, ýerli tohumlary möwsüme doly taýýarlamak barada görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutanymyz häkime ýüzlenip, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde, bazarlarymyzy et-süýt önümleri bilen bolelin üpjün etmekde welaýatyň agzybir zähmetkeşleriniň uly işleri alyp barýandyklaryny aýratyn belledi we munuň üçin olaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem milli Liderimiz maldarlara-da salamyny ýetirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkime “Armaň-da!” diýip, ýüzlendi. Häkim hem halkymyzda däbe öwrülişine görä, «Bar boluň!» diýip, öz nobatynda, milli Liderimize “Armaň!” diýip jogap berdi.
Hormatly Prezidentimiz hem «Bar boluň!» diýip, hemmelere öňde goýlan wezipeleri mundan beýläk-de üstünlikli ýerine ýetirmegi we owlak-guzularyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymowy göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim Arçabil şaýolunyň ugrundaky “Abadançylyk” binasynyň ýanyndan göni aragatnaşyga çykyp, bu ýerde, umuman, paýtagtymyzda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Şäheriň ähli künjeklerinde, şol sanda köçelerinde, şaýollarynda, seýilgählerde, ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde hem-de beýleki gök zolaklarda arassaçylyk-abadanlaşdyryş işleriniň geçirilýändigi, ekilen baglaryň, gülleriň düýbüni ýumşatmak, möwsümleýin gülleri ekmek, ýaşyl zolaklarda ekilen otlara ideg etmek, baglary timarlamak işleriniň giň gerim bilen ýaýbaňlandyrylandygy habar berildi.
Häkim hasabatyň çäklerinde gülçülik we bagçylyk kömekçi hojalygynda ösdürilýän gülleriň dürli görnüşlerini görkezdi. Bu gülleriň ekiliş aýratynlygy, ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşandygy, ylmy taýdan esaslandyrylandygy aýratyn bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda paýtagtymyzda bu möwsümleýin gülleriň görnüşlerini ekmek işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylandygy barada hasabat berildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekilenden soň, bu gülleriň möhleti taýdan toprakda durumlylygy bilen gyzyklanyp, olaryň dürli görnüşlerini ekmegiň paýtagtymyzyň görküne has-da görk goşýandygyny belledi. Munuň özi ýetip gelýän Halkara zenanlar gününiň hem-de Milli bahar baýramynyň öň ýanynda has-da möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Çünki güller ýaz paslynyň gelmegi bilen, diňe bir tebigaty bezemän, eýsem, ynsan kalbyny hem joşduryp, adamlarda egsilmejek ruhubelentlik, gözellige, daş-töweregi gurşap alan tebigatymyza söýgi we beýleki ajaýyp duýgulary döredýär. Şoňa görä-de, işlere şu günler toplumlaýyn esasda çemeleşmegiň wajypdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň geljegi nazarlaýan toplumlaýyn ösüşe yzygiderli häsiýet bermäge gönükdirilendigini nygtap, şäher hojalygyny, jemagat gulluklaryny yzygiderli kämilleşdirmek, olaryň işine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz şu maksat üçin bu ulgamdaky iň oňat dünýä tejribelerini öwrenmegiň hem-de olary gözellik we ekologiýa düzümlerini öz içine alýan abadançylyk boýunça gurluşyk taslamalary hem-de meýilnamalar işlenip taýýarlanylanda ulanmagyň zerurdygyny aýtdy.
Aşgabadyň şähergurluşyk keşbinde iň oňat milli binagärlik däpleri we döwrebap çözgütler sazlaşykly utgaşmalydyr, türkmen paýtagty belent derejesiniň nazara alynmagy bilen, ähli babatda nusgalyk bolmalydyr. Munuň özi, aýratyn-da, adamlaryň ýaşaýşy üçin iň amatly şertleriň döredilmegine degişlidir diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Milli Liderimiz şu işleri ýerine ýetirmekde Aşgabat şäher häkimliginiň işgärleriniň uly işleri bitirýändiklerini aýratyn nygtap, olaryň ählisine öz adyndan salam ýetirmegi tabşyryp, alyp barýan işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz häkime “Armaň!” diýip ýüzlendi. Häkim, öz nobatynda, gadymdan gelýän milli ýörelgelerimize laýyklykda, “Bar boluň!” we “Özüňiz hem armaň!” diýip jogap berdi. Döwlet Baştutanymyz “Bar boluň!” diýip, olara işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny jemläp, biziň esasy maksadymyz azyk bolçulygyny pugtalandyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmekden ybaratdyr diýip bellemek bilen, bu ugurda kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň doly ýerine ýetirilmegini gazanmagyň hökmany şert bolup durýandygyna ünsi çekdi. Şoňa görä-de, her bir ýolbaşçynyň özüne ynanylan wezipäni ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli, yhlasly we päk ýürekden çemeleşmegi möhüm talapdyr.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.