Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa 65 ýaşynyň dolmagy mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Türkmen döwletiniň Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de maşgala abadançylygyny, Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňegidişlik hem-de rowaçlyk arzuw etdi.