Türkmenistanyň sungat öwrenijileriniň gatnaşmagynda döwlet Baştutanynyň alyp barýan döwlet syýasatynyň dabaralanmagyny suratlandyrýan we şekillendiriş hem-de amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň parahatçylygy wasp edýän döwrebap çeper döredijiligini açyp görkezmek, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik ýaly ýagşy gylyk – häsiýetleri özünde jemleýän çeper eserleri ýüze çykarmak maksady bilen taýýarlanan sungat nazaryýetine degişli ylmy we döredijilik işleriniň bäsleşigi geçirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berdi.
Bu geçiriljek bäsleşige gatnaşmak isleýänleriň işleri şu ýylyň 15-nji apreline çenli Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigine çap edilen golýazma nusgada we elektron görnüşde kabul edilýär.
Bäsleşige şu aşakdaky işleriň golýazmalary gatnaşdyrylýar:
1. Monografiýa ýa-da ylmy makala;
2. Katalog;
3. Makala.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy we edebi kitaplarynyň esasynda täze döredilmeli eserleri maslahat berýän sungaty öwreniş nazaryýetine degişli ylmy makalalar, «Meniň Arkadagly Watanym», «Türkmenistan – parahatçylygyň Watany», «Zähmet», «Taryhy şahsyýetler», «Halypa ussadyň döredijiligi», «Medeni mirasymyz» mowzuklar boýunça ýerine ýetirilmelidir.
Bäsleşigiň netijeleri 2022-nji ýylyň 20-nji iýunynda «Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni» mynasybetli Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň sergiler jaýynda serginiň açylan pursatynda dabaraly yglan ediler.