Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan her bir asylly işi türkmen halkyna bolan belent söýgini äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran bagtyýarlyk döwri medeniýet we sungat baradaky döwlet syýasatynyň has-da belent derejelere göterilen eýýamyna öwrüldi. Şeýle hem häzirki wagtda Watanymyzyň medeniýet we sungat ulgamy Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen ösüşiň täze tapgyrlaryny başdan geçirýär. Bu günki günde türkmen medeniýetiniň we baý sungatynyň derejesini ylmy taýdan öwrenmek bolsa biz ýaşlarda ýurdumyza, geçmiş taryhymyza, milli medeniýetimize, çeper sungatymyza bolan buýsanjy goşalandyryp, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda garşy alynýan her ýyly ýörite şygar esasynda geçirmek indi asylly däbe öwrüldi. Ol şygarlarda Eziz Diýarymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek babatynda alynyp barylýan tutumly işler, beýik maksatlar aýdyň şöhlelendirilýär. Çuňňur hormatlanýan Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary bilen yglan edilen “Halkyň arkadagly zamanasy” atly ýyly uly döredijilik üstünliklerine, ýatdan çykmajak şanly wakalara beslenýär we ýurdumyzyň täze taryhy sahypalaryna ýazylýar. Ýene-de sanlyja günden ýetip gelýän halkara Zenanlar güni mynasybetli “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara sergisinde şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşleriniň üsti bilen zenanlaryň waspy ýerine ýetirilýär. Gözel ülkämizde yhlasly yzygider zähmet çekip, özlerini tanadan sungat-döredijilik işgärleri, ylaýta-da Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda göreldeli işläp ýören halypa mugallymlarymyz bilen bir hatarda, zehinli ýaş suratkeşlerimiziň – ýürekleri joşdurýan sungaty, dogruçyl we döwrebap ýerine ýetirilen eserlerde öz beýanyny tapýar. Bu döredijilik sergisine özleriniň ajaýyp döredijilik işleri bilen gatnaşan Aýjemal Çaryýewa, Şirin Gylyjowa, Ogulgerek Myradowa ýaly ussat zergärler gatnaşýarlar. Olaryň döreden ajaýyp zergär işleri özleriniň nepisligi, taslama gurluşy we ajaýyplygy bilen tapawutlanýar. Olaryň eserleri Garaşsyz hemişelik Bitarap Türkmenistanyň aýal -gyzlarynyň lybaslarynyň bezegine we edebine öwrüldi. Häzirki döwürde Garaşsyz ýurduň gelin-gyzlarynyň gözi bilen seredeniňde ol bezegleriň belli bahasy ýok. Irki döwürlerde-de, häzirki döwürde-de, türkmen zenanlarynyň milli egin-eşiklerini şaý-sepsiz göz öňüne getirmek mümkin däl, olary götermeklik müňýyllyklardan galan dessurlardyr. Ussat zergärler şaý- sepleri ýasanynda diňe bir kümüş bilen işlemän eýsem her dürli metallardan şaý-sepleri döredýärler. Bezeg gaşlaryny ulananlarynda-da dürli reňkli gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlary peýdalanýarlar. Türkmen halkynyň geçen asyrlarda ussat zergärleriniň bolmagy sebäpli “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýen nakyla eýerip häzirki Garaşsyzlyk döwrümiziň zergärleri nepis sungatyň inçe syrlaryny düýpli öwrenýärler hem-de kämilleşdirýärler. Döwrebap önümlerde dürli ýasalyş tilsimleri duýulýar. Mylaýym reňkli bezeg gaşlary kümüş şaýlaryny inçe näziklik görnüşe getirýär. Gyz -gelinlerimiz üçin ýasalýan boýun monjuklarynda ulanylýan malahit we nefrit gaşlary biziň döwlet tugumyzyň reňkini aňladýar. Zergärler gola dakylýan bilezikleriň görnüşlerini ýasaýarlar. Bular ýaly bilezikleriň şekilini zergärler haýwanat dünýäsinden ylham alyp ýasaýarlar. Häzirki döwrüň isleglerine görä, zergärler türkmen gyzlary üçin kellä geýilýän täçleriň dürli -dürli görnüşlerini ýasaýarlar. Ussatlaryň döreden bu ajaýyplyklary “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara sergisinde sergilenip tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Çeperçilik Akademiýamyzyň abraýyny mundan beýläk-de arşa göterjek, ýaş zehinli suratkeşlerimiziň döredijilik ýörelgeleriniň ýokary ösüşlere eýe bolmaklaryny arzuw edýäris!
Ogulgözel ÖWEZOWA,
“Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 4-nji ýyl talyby.