Ýüň saçak
Ilerden gelýän çeşme bir sebäp bilen kesilýär. Ilat göçmekçi bolýar. Her kim goş-golamyny ýygnap,düýelere ýükleýär. Bir oglan ýanyna enesiniň beren ýalňyz saçagyny alýar. Ondan näme üçin diňe saçagy alandygyny soranlarynda, ol şeýle jogap berýär:
Saçagym ýanymda bolsa, rysgyny özi tapar...
Bu mukaddeslige hormat goýmagyň halkymyzda synmaz ynama öwrülendigini aňladýar.
Ir döwürlerde gyzyň başy bogulmanka, yrym edip, oňa ilki saçak dokamagy öwredipdirler. Ata-babalarymyzda şeýle ynanç bolupdyr:
«Saçak barmy?! Ýaşaýyş dowam eder».
Şeýle hem olar öýünde düýe ýüň çäkmenini saklapdyrlar. Düýe ýüň çäkmeni ýeke bir ýylylyk üçin däl, onuň yrymam düýe ýüň saçagyňky ýaly. Asla halkymyzda düýe malyna «Hydyr gören» diýilýär. Şonuň üçinem düýe ýüňünden edilen zatlaryň hemmesine mukaddes zat hökmünde garaýar.












