MEDENI HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda şöhratly taryhymyzy düýpli öwrenmek we dünýäde wagyz etmek, dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine hem-de baýlaşmagyna uly goşant goşan halkymyzyň özboluşly, gaýtalanmajak maddy hem-de ruhy gymmatlyklaryny aýap saklamak boýunça guwandyryjy işler durmuşa geçirilýär.

Munuň şeýledigine ýakynda Italiýa Respublikasynyň Rim şäherindäki Kapitoliý muzeýinde guralan «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergi aýdyň şaýatlyk edýär. Sergä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. 2025-nji ýylyň oktýabry — 2026-njy ýylyň aprel aýy aralygynda geçýän bu giň möçberli çäre Merkezi Aziýanyň medeni mirasyny Ýewropa siwilizasiýasynyň gözbaşy bilen birleşdirýän özboluşly köpri bolup durýar.

Häzirki döwürde Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasyndaky halkara hyzmatdaşlyk netijeli häsiýetde ösdürilýär. Türkmen-italýan dostlukly hyzmatdaşlygynda medeni gatnaşyklar aýratyn orny eýeleýär. Medeni ulgamyň  hyzmatdaşlygynda toplanan baý tejribe we hoşniýetli däpler bu ugurdaky gatnaşyklary dowam etmäge, iki ýurduň taryhyna, medeniýetine, sungatyna gyzyklanmalary höweslendirmäge ýardam berýär.

Türkmen we italýan arheologlarynyň arasynda häzirki wagtda arheologiýa we binagärlik mirasyny öwrenmek boýunça özara gatnaşyklar ýola goýuldy. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllaryndan başlan bu gatnaşyklar häzirki wagtda-da üstünlikli dowam etdirilýär.

Türkmen-italýan arheologik ekspedisiýalarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde ata-babalarymyzyň miras goýup giden gadymy medeni gymmatlyklarynyň nusgalyk görnüşleriniň ençemesi ýüze çykaryldy we öwrenildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz
«Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda: «Türkmen halkynyň gadymy ata-babalary grek-rim dünýäsiniň medeni ösüşlerini nusga edinip, milli medeniýetiň adaty nusgalary bilen baýlaşdyrylan örän ajaýyp sungat eserlerini döredipdirler» diýip belläp geçýär. «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik sergide görkezilen gadymy Margianada we Parfiýada geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde ýüze çykarylan taryhy-medeni gymmatlyklar bolsa hut şeýle sungat eserleriniň ajaýyp nusgalarydyr.

Bilşimiz ýaly, 1999-njy ýylda «Gadymy Merw» döwlet goraghanasy, 2007-nji ýylda Nusaýyň Parfiýa galalary Türkmenistanyň birnäçe taryhy ýerleri bilen bir hatarda, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizildi.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyz 1993-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasydyr. BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy medeni ýadygärlikleri hem-de tebigy landşaftlary goramak boýunça halkara işlerde möhüm orny eýeleýär, her bir halkyň mertebesine we ählumumy gymmatlyklara hormat goýmaga esaslanan açyk dialog üçin amatly şertleri döredýär.

Ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň hereket etmegi hem uzak möhletleýin geljege gönükdirilen däp bolan gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

«Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly arheologik serginiň Rimde geçirilmegi Beýik Ýüpek ýolunyň döwrebap görnüşde gaýtadan dikeldilýändigini alamatlandyryp, ýurdumyzyň Gündogaryň we Günbataryň arasynda köpri hökmünde çykyş edýändigini hem-de gadymy döwürlerden bäri özbaşdak medeniýet merkezi bolup gelýändigini görkezýär. Bu sergi 2025-2026-njy ýyllarda halkara medeniýet senenamasyna möhüm wakalaryň biri hökmünde girip, baý taryhy mirasy bolan döwlet hökmünde ata Watanymyzyň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrar.

Ýurdumyzyň dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň has-da berkemegi, milli medeniýetimiziň Ýer ýüzünde giňden tanalmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!

 

 

Sähra BATYROWA,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.

 

«Adalat» gazeti.

31.10.2025 ý.

Meňzeş habarlar

01 Noýabr 2025 | 18 okalan

MEDENI HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

29 Oktýabr 2025 | 184 okalan

MUHAMMET ALYNYŇ «OGUZNAMASY»