Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Mahabat müdirligi bilen Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilelikde diýlip atlandyrylan çagalar bilen onlaýn kitap okamak bölümçesini döretdi. Bu özboluşly bölümçe turkmentv.gov.tm saýtynyň ýörite bölüminde ýerleşýär.
Çagalaryň kitap okamak endiklerini ösdürmek, şeýle-de kiçi ýaşly çagalarda kitap okamaga bolan söýgini döretmek maksady bilen ilkinji gezek ýola goýlan bu özboluşly sahypa 1-nji we 2-nji synp okuwçylar üçin niýetlenendir. Munuň üçin bolsa ene-atalar turkmentv.gov.tm saýtyndaky ýörite bölüme girip, Kaýum Taňrygulyýewiň «Heýjan elek, jan elek» atly kitabyny çagalary bilen bilelikde okap bilerler.
Web saýtyň ýörite bölüminde bu kitapdan başga-da, soraglar düwmesi ýerleşdirilendir. Ulanyjy bu düwmä basyp özüniň maglumatlaryny girizmek arkaly onlarça gyzykly matallara, tapmaçalara hem-de sowallara jogap bermelidir. Munuň netijesinde bolsa, çagalaryň berlen sowallar esasynda bilimlerini we pikirlenmek başarnygyny barlamak bolýar. Çagalaryň ýaş aýratynlygy nazarda tutulyp döredilen bu onlaýn kitap okamak bölümçesi olara başlangyç bilimleri özleşdirmäge ýardam edýär.
«Maşgalada kitap okamagyň şüweleňi» atly onlaýn bölümçeden peýdalanýan ilkinji 100 okyja bölümçäni ýola goýmaga ýardam eden hemaýatkärler tarapyndan sowgatlar gowşurylar.