Düýn ― 2-nji martda Türkmenistanyň gelin-gyzlaryna Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurduň Prezidentiniň adyndan baýramçylyk sowgady gowşurylyp başlandy. Bu barada şu gün metbugat sahypalarynda köpçülikleýin habar berildi.
Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutany 25-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek baradaky Buýruga gol çekdi. Oňa laýyklykda, çagalar baglaryna gatnaýan gyzjagazlardan başlap, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçy we talyp gyzlar, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda zähmet çekýän dürli kärdäki zenanlar, hormatly dynç alyşdaky eneler bir gezeklik 60 manatlyk pul sowgady bilen sylaglanylýar.