Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda halkymyzyň, aýratyn-da ýaş nesillerimiziň Gahryman Arkadagymyzyň asuda, abadan parahat durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlar durýar. Mähriban Prezidentimiziň «Watansöýüjilik, maşgala ojagyna wepadarlyk, pähim-paýhas, salyhatlylyk, çeper el hünäri biziň enelerimiziň hem-de gelin-gyzlarymyzyň adyny we mertebesini müňýyllyklaryň dowamynda ýokary derejelere göterip gelýän milli häsiýetlerdir. Häzirki döwürde türkmen gelin-gyzlarynyň bu asylly häsiýetleri ahlak gözelliginiň ajaýyp nusgasyna öwrülip, tug ýaly belentde pasyrdaýar» diýen ajaýyp sözlerini belent wezipe edinip, Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň bilelikde yglan eden, uly joşgun bellenilýän 8-nji mart Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda “Talyp gözeli – 2022” atly gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Täze taryhy zamanamyzyň talyp gyzlarynyň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilşini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny açyp görkezmek maksady bilen geçirilen bu bäsleşikde talyp gyzlar 3 (üç) şert boýunça: (I şert) Bäsleşige gatnaşýan talyp gyzlar türkmen gelin-gyzlaryna goýulýan sarpany, şeýle hem özleriniň sungata, döredijilige bolan ukyplaryny, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen yglan edilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň joşgunly owazyny aýdym, goşgy, sahna çykyşlaryny ýerine ýetirmek bilen öz ussatlygyny görkezmek. (II şert) «Bereketli türkmen saçagy» atly kitabyndan ugur alyp, türkmen milli tagamy bolan unaş kesmek. (III şert) «Hünärim bar - hormatym bar» atly şertde bäsleşige gatnaşyjy talyp zenan özüniň zehinini, ussatlygyny we ukybyny keşde çekmek arkaly açyp görkezmek boýunça bäsleşdiler. Eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda 3-nji orna Türkmen oba hojalyk institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyp gözelleri, 2-nji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmen-döwlet binagärlik gurluşyk institutynyň talyp gyzlary, 1-nji orna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyp gözeli, Baş baýraga Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyp gözeli mynasyp boldylar. Ýeňijilere we gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ajaýyp zamanamyzda zenan sarpasyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.