Türkmenistanyň dört welaýatynda gowaça ekişine girişildi

Düýn Türkmenistanda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan gowaça ekişi başlandy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 10-njy martda geçirilen mejlisinde tassyklanan tertipnama laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine şu gün girişdiler. Daşoguz welaýatynyň ekerançylary bolsa 30-njy martda ekişe başlarlar.

«Türkmenistan» gazetiniň elektron nusgasynda habar berlişi ýaly, gowaça ekişine hormatly ýaşulular ak pata berdiler. Soňra mehanizatorlar işe gerişdiler. Möwsüme çenli ähli welaýatlarda orta süýümli gowaça tohumynyň saýlama görnüşleri taýýarlandy. Şolaryň hatarynda «Ýolöten — 7», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 114», «149 F», «Gubadag — 3», «Ýolöten — 39», «Jeýhun», «S — 2606», «Aşgabat — 140» ýaly tiz ýetişýän, ýokary hasylly, süýümi uzyn we arassa görnüşlere aýratyn ähmiýet berildi. Gowaçanyň inçe süýümli «Ýolöten — 14» görnüşi toprak-howa şertlerine laýyklykda, Ahal we Mary welaýatlarynda ekiler. Şu ýyl Ahal welaýatynda 365 müň tonna, Balkan welaýatynda 10 müň tonna, Lebap welaýatynda 320 müň tonna, Mary welaýatynda 280 müň tonna pagta hasylyny ýetişdirip, Watan harmanyna tabşyrmak göz öňünde tutulýar.

Möwsümde dürli kysymly bejergi traktorlarynyň, ekiş gurallarynyň, ekişiň bökdençsizligini üpjün edýän we soňky agrotehniki çäreleri geçirmäge niýetlenen gowaça kultiwatorlarynyň we beýleki oba hojalyk enjamlarynyň müňlerçesinden peýdalanylar. Etraplarda düzüminde mehanik-abatlaýjylar hem-de sazlaýjylar bolan ýörite toparlar döredildi. Olar göçme ussahanalar, kebşirleýji enjamlar hem-de ýangyç daşamak üçin awtoulaglar bilen üpjün edildi. Tehnikalara gije-gündizleýin hyzmaty ýola goýmak, mehanizatorlaryň we ekişe gatnaşýanlaryň öndürijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin hem zerur şertler döredildi.