HOŞ GELDIŇIZ!

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty 2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde sagat 15:00-da institutymyza berkidilen Aşgabat şäherindäki 21-nji, 37-nji, 68-nji, 72-nji we 76-njy orta mekdepleriniň institutymyza okuwa girmäge isleg bildirýän gutardyş synp okuwçylary üçin hem-de 22-nji aprelinde sagat 15:00-da ýurdumyzyň orta mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlary we institutymyzda okamaga isleg bildirýän raýatlary «AÇYK GAPYLAR»

gününe çagyrýar

«Açyk gapylar» gününde instituta gelen ýaşlar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işjeň daşary syýasatynyň dabaralanmagy, ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklarynyň işjeňleşmegi, milli Liderimiziň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi, institutda öwredilýän hünärler, kompýuter, internet, sinhron terjime we lingafon, interaktiw okuw otaglary, institutyň durmuşy baradaky stendler we wideofilm bilen, şeýle hem “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy” muzeýi, okuw studiýasy, institutda hereket edýän Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi, Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezi, şeýle hem Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň işi bilen tanşyp bilerler.

 

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 22-02-63, 22-68-45. www.iirmfa.edu.tm